Erdogan BMG Howa Sammitinde: Türkiýede gaýtadan işlenýän energiýanyň paýy 60 göterimden geçdi
Türkiýäniň Prezidenti Türkiýäniň howa syýasatynyň energiýa, senagat, binalar, ulag, galyndylar, oba hojalygy we tokaýçylyk ýaly ugurlara esaslanýandygyny aýtdy.
Türkiýäniň prezidenti Türkiýäniň soňky maglumatlara görä elektrik önümçilik pudagynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň paýyny 60 göterimden geçendigini aýtdy.
“Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň paýyny artdyrmak we energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen birlikde, senagatda uglerody az sarp edýän tehnologiýalaryň ulanylmagyny ýaýbaňlandyrýarys. Soňky maglumatlara görä elektrik önümçilik pudagynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň paýyny 60 göterimden geçirdik” diýip, Prezident Rejep Taýyp Erdogan çarşenbe güni Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Howa Sammitinde sözlän sözünde aýtdy.
Prezident Erdogan infrastrukturany güýçlendirmek boýunça edilen tagallalaryň çäginde elektomobil önümçiligine we demir ýollaryna goýulýan mayalara ünsi çekdi.
“2053-nji ýyla çenli bolan döwür üçin 0 zyňyndy derejesine ýetmek boýunça maksatnamamyza laýyklykda, esasy pudaklary özgertmegi dowam etdireris” diýip, Erdogan sözlerinin üstüni ýetirtdi.
Erdogan Türkiýäniň dowam edýän başlangyçlaryny giňişleýin beýän edip, şol sanda zyňyndy söwda ulgamyny döretmek, ýaşyl maliýe strategiýasyny durmuşa geçirmek we milli ýaşyl klassifikasiýa ulgamyny döretmek hakyndaky meýilnamalar barada durup geçdi.
Ol ýurduň howa syýasatynyň ýedi ugra esaslandyrylandygyny, olaryň: energiýa, senagat, binalar, ulaglar, galyndylar, oba hojalygy we tokaýçylyk pudaklaryndan ybaratdygyny mälim etdi.
Erdogan: “Ykdysadyýetde durmuşa geçiriljek syýasatlar arkaly 2035-nji ýyla çenli zyňyndylary 466 million tonna azaltmagy we umumy zyňyndylary 643 million tonna çenli aşaklatmagy maksat edinýäris” diýdi.
Ol Türkiýäniň 2026-njy ýylda COP31 sammitininiň guramaçylygyny öz üstüne almagy nazarda tutýandygyny nygtady.