DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ysraýyl Gazada 3 palestinlini öldürdi
Ysraýylyň Şujaiýýe etrabyna guran dron hüjüminde palestinli 3 ýetginjek ýogaldy, birnäçe adam hem ýaralandy.
Ysraýyl Gazada 3 palestinlini öldürdi
Ysraýyl Gazada 3 palestinlini öldürdi / AA

Ysraýylyň Gaza şäheriniň gündogaryna we Gazanyň demirgazygyna guran hüjümlerinde 3 palestinliniň ýogalandygy, çagalar bilen birlikde 5 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.

“Anadoly habarlar” gullygy ýerli çemşelere esaslanýan habarynda Gaza şäheriniň gündogarynda ýerleşýän Şujaiýýe etrabynyň Muştaha köçesine guralan dron hüjümde 3 ýetginjegiň ýogalandyny habar berdi.

Hüjümde ýogalan 3 ýetginjegiň jesedi Gazanyň şäher merkezindäki Al Ahli Arap hassahanasyna getirildi.

Ysraýylyň guran dron hüjüminde 17 ýaşyndaky Mahmud Sahir, 17 ýaşyndaky Ýunus Saed Aýad bilen 20 ýaşyndaky Abdullah Teýsir Şumeriň ýogalandygy ýatladyldy.

Ysraýylyň Gaza şäheriniň gündogarynda ýerleşýän Tuffah etrbyna guran başga bir hüjüminde bolsa 4 palestinli ýaralandy.

Ýaralananlar şäher merkezindäki Al Saraýa meýdanynda ýerleşýän göçme hassahanada bejergi astyna alyndy.

Ysraýylyň Gazanyň demirgazygynda ýerleşýän Jibaliýe etrabyndaky Halawa bosgun düşelgesine guran hüjüminde hem 1 çaga ýaralandy.

Palestinli çeşmeler nyşana alynan ýerleriň Gazada Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň gözegçiligi astyndaky zolaklaryň daşynda ýerleşýändigini mälim etdi.

Ysraýyl geçen ýylyň oktýabr aýynda hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşygy bozmaga dowam edýär.

Ysraýylyň ylalaşygyň güýje girmeginden soň guran hüjümlerinde azyndan 651 palestinli ýogaldy, 1741 adam ýaralandy.

Ysraýyl 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Gaza garşy genosid söweşini başladypdy.

Palestinli resmiler Ysraýylyň Gaza garşy başladan genosid söweşinde 73 müňden gowrak palestinliniň ýogalandygyny, 172 müň adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Ysraýyl Gazanyň infrastrukturasynyň 90 göterimini hatardan çykdy.

Hünärmenler Gazada ýogalanlaryň sanynyň has köpdügine ünsi çekýär.

 

 

Öwren
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň geçirilmeýändigini we ýakyn wagtda "bir zatlaryň boljakdygyny" aýtdy
Saud Arabystanyndaky "Şa Fahd" adyndakyt halkara howa menziline guralan hüjümde 2 adam ýogaldy
Eýranyň Ynkylap goragçylary: “Pars aýlagynda nebit daşaýan dört gämi nyşana alyndy” diýdi
Kreml: "Biz noýabr aýynda Russiýa-Ukraina-ABŞ üçtaraplaýyn gepleşiklerini täzeden başlatmaga taýýar"
Sudan bilen Günorta Sudanyň arasyndaky jedelleşikli zolaga guralan hüjümde 153 adam ýogaldy
Gresiýada talyplar kireýleriň ýokarlamagyna we durmuş şertleriniň agyrlaşmagyna garşylyk görkezdi
Fransiýada geçirlen protest ýörişlerinde 2 adam ýogaldy
Ysraýylyň Goranmak ministri: “Liwanyň günortasyndan 200 müň adamy sürgün etdik”
Amerikaly senator Sanders Ysraýyla berilýän harby kömegiň bes edilmegi üçin çagyryş etdi
“Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürdik”
Ukraina: "Russiýanyň gije guran hüjümlerinde 3 adam ýogaldy we 11 adam ýaralandy"
Ysraýyl basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada palestinalylaryň takmynan 183 gektar ýerini aldy
Ýemeniň goşuny: "1164 operasiýada 558 Husi söweşijisi täsirsiz ýagdaýa getirildi"
Milandan Jidda şäherine uçýan uçar bomba howpy sebäpli Rime gyssagly gondy
Kolumbiýada bikanun altyn käniniň çökmegi netijesinde on dört adam ýogaldy
Sudanda dron bilen awtobus duralgasyna guralan howa hüjüminde 80 adam ýogaldy
Tel-Awiw-Wena saparyny amala aşyrýan uçar bomba habary sebäpli Bolgariýa gondy
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Rubio Samarkantda özbek kärdeşi Saidow bilen duşuşdy
Kreml Ýewropadaky bidüzgünçiliklere Russiýanyň gatnaşygy baradaky aýyplamalary ret edýär
Russiýa Ukrainada metro bekedini nyşana aldy