SYÝASAT
1 minut okamak
Türkiýe, Ukraina bilen Russiýanyň arasynda ýokary derejeli gepleşikleriň geçirilmegi üçin taýar
Prezident Erdogan, Türkiýäniň Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin tagalla etmäge dowam edýändigini aýtdy.
Türkiýe, Ukraina bilen Russiýanyň arasynda ýokary derejeli gepleşikleriň geçirilmegi üçin taýar
29 Awgust 2025

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan bilen Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasynyň penşenbe güni türk sosial media platformasy NSosial arkaly beren habarnamasyna görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar we Ukraina-Russiýa parahatçylyk etaby bilen birlikde sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşdy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Alýaskada we Waşingtonda geçirlen duşuşyklar bilen ýakyndan gyzyklanandyklaryny aýtdy.

Erdogan bilen Zelenskiý Kiýewe Russiýa tarapyndan guralan we çagalar bilen birlikde asuda ilatdan 14 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümden birnäçe sagat soň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ilatly ýerleri we infrastrukturany nyşana alan hüjüme ÝB-niň liderleri bilen günbatarly ýurtlar berk garşylyk görkezdi.

Prezident Erdogan, Türkiýäniň söweşiň bes edilmegi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla etmäge dowam edýändigini nygtady.

Ukraina-Russiýa söweşiniň bes edilmegi üçin taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň depgininiň güýçlendirilmelidigini aýdan Erdogan, Türkiýäniň Ukraina bilen Russiýanyň arasynda ýokary derejeli gepleşikleriň geçirilmegi üçin taýardygyna ünsi çekdi.

Erdogan, parahatçylygyň ýola goýulmagy bilen birlikde Türkiýäniň Ukrainanyň howpsuzlygyna goldab bermäge dowam etjekdigini nyugtady.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Ukrainanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady.

 

 

Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär