Eýran tarapyndan goldanýan Ýemendäki Husiler, Gyzyl deňizde Saud Arabystanyna degişli iki nebit tankerini nyşana alandyklaryny mälim etdi.
Husileriň metbugat sekretary Ýahýa Seri metbugata beren beýannamasynda “ENJELIA” we “LAÝLA” atly Saud Arabystanyna degişli iki nebit tankerine hüjüm gurandyklaryny nygtady.
Seri ballistiki raketalar we dronlar bilen guralan hüjümde nyşananyň dolulygyna hatardan çykarlandygyny ýatlatdy.
Ýahýa Seri Husileriň basyşy sebäpli 10 gäminiň yzyna dolanandygyny belledi.
Saud Arabystanynyň hökümetine duýduryş beren Husileriň metbugat sekretary Ýahýa Seri, “Ýemeniň Ýaragly güýçleri hökmünde duşman ýurt Saud Arabystany ýurdumyzy nyşana alan halatynda degişli gaýtawuly görkezeris” diýdi.
Eýran tarapyndan goldanýan Husiler 20-nji iýulda Saud Arabystanyna degişli “deňiz gabawyny” başladandyklaryny mälim edipdi.






















