Tramp anna güni Ak Tamda Nýu-Ýorkyň täze saýlanan häkimi Mamdani bilen duşuşar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp mundan ozal Mamdanini "kommunist" diýip atlandyrypdy, Günorta Aziýaly dalaşgäriň bäsdeşini goldapdy we federal maliýeleşdirmegi kesmek bilen haýbat atypdy.

By
Nýu-Ýorkyň häkimi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ak Tamda Nýu-Ýork şäheriniň täze saýlanan häkimi Zohran Mamdani bilen duşuşjakdygyny aýtdy.

Tramp çarşenbe güni agşam Truth Social sosial media platformasyndan beren beýanatynda: "Nýu-Ýorkuň kommunist häkimi Zohran 'Kwame' Mamdani meniň bilen duşuşyk geçirmegi haýyş etdi. Biz bu duşuşyga 21-nji noýabr, anna güni Owal kabinetinde geçirmek barada ylalaşdyk. Jikme-jiklikler soňra paýlaşylar!" diýip, ýazdy.

Ýurduň iň uly şäheriniň ilkinji musulman we Günorta Aziýaly häkimi bolan Mamdani şu aý elýeterlilige we sosial hyzmatlara gönükdirilen progressiw kampaniýa geçirdi. Ol öňki häkim Endrýu Kuomony we respublikan Kertis Sliwany ýeňip, saýlanypdy.

Tramp Nýu-Ýorkdaky saýlaw kampaniýasynyň dowamynda 34 ýaşly demokratik sosialist Mamdanini gaýta-gaýta tankytlapdy, ony "kommunist" diýip atlandyrypdy, Kuomony goldapdy we Mamdani ýeňiş gazanan halatynda Nýu-Ýorka berilýän federal maliýeleşdirmegi kesip biljekdigini duýdurypdy.