TÜRKIÝE
1 minut okamak
Prezident Erdogan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitine gatnaşar
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 26-njy Döwlet baştutanlarynyň sammiti şu gün başlaýar.
Prezident Erdogan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitine gatnaşar
Prezident Erdogan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitine gatnaşar

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherine gitjekdigini mälim etdi.

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran sosial media hasabyndna beren beýanatynda: “Prezidentimiz jenap Rejep Taýýip Erdogan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarowyň çakylygy bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitine gatnaşmak üçin 2026-njy ýylyň 31-nji awgusty - 1-nji sentýabry aralygynda Bişkek şäherine sapar gurar. Saparyň dowamynda Prezidentimiz sişenbe güni, 1-nji sentýabrda giňeldilen Sammit mejlisinde çykyş eder we liderler bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirer” diýip habar berdi.