Syn we garaýyşlar
TÜRK DÜNÝÄSI
1 minut okamak
Aliýew ÝB-ni Azerbaýjan-Ermenistan parahatçylyk etabyny bökdemekde günäkärledi
Ermenistanyň Premýer-ministri 2028-nji ýylda Azerbaýjanda geçiriljek Ýewropa Syýasy jemgyýetiniň sammitine gatnaşmagy umyd edýändigini aýtdy.
Aliýew ÝB-ni Azerbaýjan-Ermenistan parahatçylyk etabyny bökdemekde günäkärledi
Aliýew ÝB Azerbaýjan-Ermenistan parahatçylyk etabyny bökdemekde günäkärledi / Anadolu Agency

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ýewropa Parlamentini Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk etabyny bökdemekde günäkärledi.

Duşenbe güni Ýerewanda geçirlen Ýewropa Syýasy jemgyýetiniň 8-nji sammitine wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşan Aliýew, Ýewropa Parlamentiniň soňky 5 ýylda Azerbaýjana garşy kemsidiji 14 karar kabul edendigini aýtdy.

Aliýew “Bu gurama parahatçylyk etabyna goldaw bermegiň ýerine ony bökdemek bilen gyzyklanýar. Ýewropa Parlamenti 2021-nji ýylyň maý aýyndan 2026-njy ýylyň 30-njy apreline çenli Azerbaýjana garşy kemsidiji 14 karar kabul etdi. 5 ýylda 14 karar, soňky kararyny 4 gün ozal kabul etdi” diýdi.

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bolsa Ýewropa Syýasy jemgyýetiniň nobatdaky sammitiniň 2028-nji ýylda Azerbaýjanda geçiriljekdigini aýtdy.

Paşinýan Ýerewanda geçirlen sammitde eden çykyşynda “2028-nj ýylda Azerbaýjanda geçiriljek sammite gatnaşmagy umyd edýärin” diýdi.

Aliýewiň çykyşy barada hem durup geçen Paşinýan, Azerbaýjanyň Prezidentiniň wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly ilkinji gezek Ermenistanda geçirlen çärä gatnaşandygyny nygtady.

 Paşinýan Ýewropa Syýasy jemgyýetiniň sammitiniň Ermenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly rol oýnaýandygyny sözleriniň üstüne goşdy.

Nikol Paşinýan “Türkiýäniň Prezidenti bilen ilkinji iki özara duşuşygymy Pragda geçirlen Ýewropa Syýasy jemgyýetiniň ilkinji sammitiniň çäginde geçirdim. Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti sammite gatnaşmak üçin Ýerewana geldi. Şeýlelikde Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti derejesinde Ermenistana ilkinji sapar guraldy” diýip belledi.