Ýewropa Geňeşiniň başlygy Russiýa bilen uruşda Türkiyäniň Ukraina berýän goldawyny öwdi
Antonio Kosta: "Türkiye, Meýletinler koalisiýasynyň tagallalaryna goşulmak bilen Ukrainany goldamakda möhüm hyzmatdaş" diýdi.
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antonio Kosta, Türkiyäni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň iki döwletli çözgüt konferensiýasynyň çäginde Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen geçiren duşuşygynda Russiýa bilen alyp baran söweşinde Ukrainany goldaýandygy üçin öwgüli sözler aýtdy.
Kosta duşenbe güni duşuşygyň "gowy geçendigini" aýdyp: "Türkiye, Meýletinler koalisiýasynyň tagallalaryna goşulmak bilen Ukrainany goldamakda möhüm hyzmatdaş" diýdi.
Şeýle hem Kosta ÝB-niň "adalatly we dowamly parahatçylygy" gazanmak üçin bilelikde işlemegini dowam etdirjekdigini aýtdy.
"Biz hemişelik parahatçylyk üçin ähli ugurlarda öňbaşçylyk etmäge taýýardyrys"
4-nji sentýabrda Parižde geçirilen iň soňky "Meýletinler koalisiýasy" maslahaty Russiýa bilen dowam edýän uruşda Ukraina üçin täze howpsuzlyk borçnamalary bilen ünsleri özüne çekdi.
Urşuň başyndan bäri Moskwa bilen Kiýewiň arasynda deňagramly rol oýnamaga synanyşan Türkiye, ýygnakda parahatçylyk ugrundaky tagallalaryny ýene bir gezek gaýtalady.
Pariž sammitinden soň beýanat beren Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Ankaranyň Russiýa-Ukraina urşunda "Hemişelik parahatçylyk üçin ähli ugurlarda öňbaşçylyk etmäge taýýardyklaryny" beýan etdi.
Ankara ozal rus we ukrain resmileriniň arasynda gönüden-göni geçirlen gepleşiklere ýer eýeçiligini edipdi we 2022-nji ýylda urşuň başlanyndan bäri diplomatik başlangyçlaryň biri hasaplanýan Gara deňiz Galla şertnamasyna araçylyk edipdi.