Stambulda türk, pakistanly we arap diplomatlarynyň gatnaşmagynda ABŞ-Eýran gepleşikleri geçiriler

Ak Tamyň wekili Stiw Witkoff bilen Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Aragçiniň birnäçe arap we musulman ýurtlarynyň wekilleri bilen birlikde Stambulda duşuşnagyba garaşylýar.

By
Stambulda türk, pakistanly we arap diplomatlarynyň gatnaşmagynda ABŞ-Eýran gepleşikleri geçiriler / Reuters

Tähranyň ýadro gepleşikleriniň gaýtadan başlamagyny talap etmeginden we Waşingtonyň ylalaşyk gazanylan halamatynda onuň agyr netijeleriniň boljakdygyny beýan etmeginden soň arap resmilerinden biri “AFP-ä” beren beýanatynda ABŞ bilen Eýranyň arasynda 6-njy fewralda Türkiýede gepleşik geçirilmeginiň ähtimaldygyny aýtdy.

Arap resmisi adynyň tutulmazlygy şerti bilen “ABŞ-nyň wekilleri bilen ýokary derejeli eýranly resmileriň arasynda anna güni Türkiýede duşuşyk geçiriljekdigini” mälim etdi.

Ara resmisi “geçirilmegi ähtimal duşuşygyň Türkiýäniň, Müsüriň, Kataryň we Omanyň tagallasy bilen guralandygyny sözleriniň üstüne goşdy.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň resmilerinden biri ýekşenbe güni ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň şahsy wekili Stiw Witkoff bilen Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçiniň anna güni Stambulda ýadro ylalaşygy we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşmaküçin duşuşmagy meýilleşdirýändigini nygtap; “Preizdent olaryň ylalaşyk gazanmaklaryny isleýär. Maslahat, olaryň aýtjaklaryny dinlemek üçin guralýar” diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmilerinden biri beren beýannamasynda iki tarapyň hem birnäe wagtdan bäri dowam edýän ýadro düşünişmezligi boýunça diplomatiýany gaýtadan dikeltmegä we täze bir sebitleýin uruş howpuny ortadan aýyrmaga taýýardyklaryny aýtmagyndan soň Tähranyň ABŞ bilen gepleşiklere başlamagyň şertlerini seljerýändigini beýan edipdi.

Beýleki tarapdan Prezident Treamp Eýran bilen gepleşiklerden netije alynmasa, agyr netijelerinin boljakdygyny aýtmaga dowam edip, ýekşenbe güni ylalaşyk gazanylman halatynda “erbet zatlaryn boljakdygyny” nygtap; “Häzirki wagtda Eýrana tarap barýan gämilerimiz bar, uly gämiler hem-de iň gowulary. Eýran bilen gepleşiklerimiz dowam edýär. Olaryň netijesini bilelikde gröeris. Emma häzirki wagtda Eýran bilen gepleşikler dowam edýär we bir netijä gelsek, gowy bolar. Eger bolmasa, erbet zatlaryň bolmagy ähtimal” diýipdi.

Täran gepleşiklere taýýardygyny beýan edýär

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi Tähranyň diplomatiýa taýýardygyny beýan etdi. Ýekşenbe güni Eýranyň 1979-njy ýyldaky ynkylabynyň esaslandyryjysy Ruhulla Humeýniniň  türbetini zyýarat eden Arakçi; “Diplomatiýanyň hem öz kadalary bar. Men golaýda onuň netijelerini görjekdigimizi tama edýärin. Geçen ýylky 12 günlük uruş ýa-da soňky protestler arkaly maksatlaryna ýetip bilmedik duşlanlarymyz indi diplomatiýany saýlap aldylar. Şol taraplar şu günki günde diplomatiýa diýýärler. Eýsem Eýran mudama diplomatiýanyň tarapynda durdy” diýdi.

Arakçiniň beýanaty Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda möwjeýän dartgynlyklaryň we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň abaý-syýasatynyň dowam edýän günlerine gabat geldi.