TÜRKIÝE
1 minut okamak
Milli howpsuzlyk gullugy 7 içalyny tussag etdi
Milli howpsuzlyk gullugy Türkiýede jemgyýetçilik guramalary, jemgyýetler, etniki toparlar we gullukçylar hakynda daşary ýurtly iki gurama gizlin maglumat berýän 7 içalyny tussag etdi
Milli howpsuzlyk gullugy 7 içalyny tussag etdi
Milli howpsuzlyk gullugy 7 içalyny tussag etdi / TRT Haber

Howpsuzlyk çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, Milli howpsuzlyk gullugy geçiren barlaglary netijesinde daşary ýurtly iki razwetka gullugyna içalylyk edýän 9 adamy yzarlamaga başlady.

Milli howpsuzlyk gullugy Ankarada degişli guramalar bilen geçiren bilelikdäki barlaglarynyň netijesinde 4 welaýatda şol bir wagtda operasiýa geçirdi we içalylaryň ýolbaşçysy B. E bilen birlikde 7 adamy saklady.

Geçirlen barlagda içaly toparynyň çäginde iş alyp barýan 2 adamyň bolsa başga jenaýatlardan tussaghanada bolandygy anyklandy. İçalylyk edýän 7 adam operasiýa netijesinde tussag edildi.

İçaly toparyndaky adamlaryň Türkiýede jemgyýetçilik guramalary, jemgyýetler, etniki toparlar we gullukçylar hakyndaky gizlin maglumatlary daşary ýurtly razwetka gullugyna ýetirýändigi anyklandy.

Şol çäkde başladylan operasiýada B.E-niň we toparyň beýleki agzalarynyň işleri fiziki gözegçilik, kiber yzarlama we tehniki diňleme usullary bilen yzarlandy.

Wagtyň geçmegi bilen toparyň daşary ýurtly razwetka gulluklary bilen aragatnaşyk saklaýandygy, hasabat taýarlaýandygy, töleg mehanizmleri we alan görkezmeleri bellige alyndy.

B. E-niň ýolbaşçylygyndaky topar gizlinlikde içalylyk işlerini dowam etdirdi.

Milli howpsuzlyk gullugynyň geçiren barlaglary netijesinde Türkiýä garşy iş alyp barýan içaly toparynyň ähli agzalary tussag edildi.