DÜNÝÄ
2 minut okamak
“Häzirki tapgyrda Ýewropalylar bilen ýadro gepleşikleriniň başlamagy mümkin däl”
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bekaýi “Diplomatiýa netijeli bolan halatynda ýurduň milli bähbitlerine laýyklykda karar kabul ederis” diýdi.
“Häzirki tapgyrda Ýewropalylar bilen ýadro gepleşikleriniň başlamagy mümkin däl”
“Häzirki tapgyrda Ýewropalylar bilen ýadro gepleşikleriniň başlamagy mümkin däl” / AFP

Eýranyň Daşary işler ministrligi, Ýewropa ýurtlarynyň sanksiýalaryň gaýtadan girizilmegi baradaky kararyndan soň ýadro gepleşikleriniň başlap bilmejekdigini mälim etdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bekaýi duşenbe güni beren beýannamasynda “Häzirki tapgyrda gepleşikler üçin hiç hili meýilnamamyz ýok” diýdi.

Bekaýi, E3 hökmünde bilinýän ýurtlar tarapyndan goýlan sanksiýalaryň gaýtadan güýje girmeginiň netijelerini seljerýändiklerini belledi.

Bekaýi “Elbetde diplomatiýa taýdan tagalla etmäge dowam ederis”diýip belledi.

Eýran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro şertnamasyna gol goýan ýurtlar Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa 28-nji sentýabrda sanksiýalaryň gaýtadan girizilendigini mälim edipdi.

ABŞ-nyň we Ysraýylyň başda durmagynda Günbatarly ýurtlar, Eýranyň ýadro ýaragyna öndürmek isleýändigini öňe sürýär we uranyň kämilleşdirilmegini gyzyl çyzyk hökmünde häsiýetlendirýär.

Eýran bolsa günäkärlemeleri kabul etmeýär we ýadro meýilnamasynyň parahatçylykly maksatlydygyny nygtaýar.

Eýran Ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni alyş şertnamasynyň çäginde urany kämilleşdirmek hukugynyň bardygyny nygtaýar.

Halkara Atom energiýasy gullugyna görä, Eýran ýadro meýilnamasy bolmadyk ýurtlaryň arasyndaky urany 60 göterime çenli kämilleşdiren ýeke-täk ýurt we şol dereje bomba öndürmek üçin zerur bolan 90 göterimlik mukdara has ýakyn.

2015-nji ýylda ABŞ, Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa, Russiýa we Hytaý Eýran bilen ýadro şertnamasyny baglaşypdy.

Ýadro şertnamasy Eýranyň ýadro meýilnamasyndan ýüz öwürmegini we Günbatarly ýurtlar tarapyndan Eýrana goýlan sanksiýalaryň bes edilmegini öz içine alýardy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, 2018-nji ýylda prezidentliginiň birinji döwründe şertnamadan çekilipdi we Eýrana garşy sanksiýa goýulmagy dogrusynda karar kabul edipdi.

 

 

 

 

 

 

 

Öwren
Saud Arabystanyndaky "Şa Fahd" adyndakyt halkara howa menziline guralan hüjümde 2 adam ýogaldy
Eýranyň Ynkylap goragçylary: “Pars aýlagynda nebit daşaýan dört gämi nyşana alyndy” diýdi
Kreml: "Biz noýabr aýynda Russiýa-Ukraina-ABŞ üçtaraplaýyn gepleşiklerini täzeden başlatmaga taýýar"
Sudan bilen Günorta Sudanyň arasyndaky jedelleşikli zolaga guralan hüjümde 153 adam ýogaldy
Gresiýada talyplar kireýleriň ýokarlamagyna we durmuş şertleriniň agyrlaşmagyna garşylyk görkezdi
Fransiýada geçirlen protest ýörişlerinde 2 adam ýogaldy
Ysraýylyň Goranmak ministri: “Liwanyň günortasyndan 200 müň adamy sürgün etdik”
Amerikaly senator Sanders Ysraýyla berilýän harby kömegiň bes edilmegi üçin çagyryş etdi
“Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürdik”
Ukraina: "Russiýanyň gije guran hüjümlerinde 3 adam ýogaldy we 11 adam ýaralandy"
Ysraýyl basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada palestinalylaryň takmynan 183 gektar ýerini aldy
Ýemeniň goşuny: "1164 operasiýada 558 Husi söweşijisi täsirsiz ýagdaýa getirildi"
Milandan Jidda şäherine uçýan uçar bomba howpy sebäpli Rime gyssagly gondy
Kolumbiýada bikanun altyn käniniň çökmegi netijesinde on dört adam ýogaldy
Sudanda dron bilen awtobus duralgasyna guralan howa hüjüminde 80 adam ýogaldy
Tel-Awiw-Wena saparyny amala aşyrýan uçar bomba habary sebäpli Bolgariýa gondy
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Rubio Samarkantda özbek kärdeşi Saidow bilen duşuşdy
Kreml Ýewropadaky bidüzgünçiliklere Russiýanyň gatnaşygy baradaky aýyplamalary ret edýär
Russiýa Ukrainada metro bekedini nyşana aldy
Hindistanda ýük awtoulagy heläkçiligi başdan geçirildi