Emine Erdogan Bilelikdäki jarnama gol goýdy
TÜRKIÝE
3 minut okamak
Emine Erdogan Bilelikdäki jarnama gol goýdyPrezident R. T. Erdoganyň aýaly Emine Erdogan, Gazadaky çagalaryň bilim almak hukugyndan mahrum edilmezligi üçin taýarlanan bilelikdäki jarnama gol goýdy.
20 Sentýabr 2025

Emine Erdogan, Gazadaky çagalaryň bilim almak hukugyndan mahrum edilmezligi üçin taýarlanan bilelikdäki jarnama gol goýdy.

Jarnamada, krizis sebitlerinde ýaşaýan çagalara we bilim ulgamlaryna garşy guralýan hüjümleriň gyssagly bes edilmegi dogrusynda çagyryş berildi.

Emine Erdogan, 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Kataryň paýtagty Dohada Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň we Arap ligasynyň nobatdan daşary ýagdaýda geçirlen sammitinde Prezident R. T. Erdogana ýoldaşlyk edipdi we sammitiň çäginde Kataryň Emiri Şyh Temin bin Hamad Al Saniniň ejesi Şeýha Moza bint Nasser bilen duşuşypdy.

Sammitiň çäginde Şeýha Moza bint Nasser tarapyndan gurlan “Bilim her bir adam üçin” gaznasy döredilipdi.

“Bilim her bir adam üçin” gaznasy tarapyndan “Çaknyşyk sebitlerinde ýaşaýan çagalaryň bilim almagy taýdan aladalandyryjy ýyl” temasy bilen bilikdäki jarnama taýarlandy.

Jarnama Gaza meselesi boýunça uly tagalla edýän liderleriň aýallary, halkara guramalaryň ýokary derejeli ýolbaşçylary gol goýdy.

Dünýäniň çar tarapyndaky çaknyşyklaryň täsiri astyndaky sebitlerde gün saýyn agyrlaşýan bilim pudagyna ünsi çekmek maksady bilen Bilimi hüjümlerden goramagyň halkara gününiň 6-njy ýyly mynasibetli jarnama kabul edildi.

Jarnama krizis sebitlerindäki çagalaryň bilim almak hukugyndan mahrum edilmegine berk garşylyk görkezilmegini maksat edinýär.

Jarnama şol bir wagtda Gaza bilen birlikde beýleki çaknyşyk sebitlerinde başdan geçirilýän adamzat krizisine ünsi çekýär.

Çaknyşyk sebitlerinde ýaşaýan çagalaryň gün saýyn agyrlaşýan şertlerine ünsi çekmek bilen bir ýere jemlenşen liderleriň aýallary, şol sebitlerdäki çagalaryň öldürlendigini, açlyga sezewar edilendigini we bilim almak hukugyndan mahrum edilendigini nygtady.

Jarnamada, Gaza, Sudan, Ukraina, Mýanma we Kolumbiýa bilen birlikde dünýäniň çar tarapynda çagalary we mekdepleri nyşana alýan hüjümleriň dowam edýändigi nygtaldy.

Jarnamada birnäçe ýyldan bäri halkara hukugyň basgylanýandygyna üns çekildi.

Gazadaky genosidiň dowam edýändigi, asuda ilatyň bilkastlaýyn açlyga sezewar edilendigi bellenildi.

Gazadaky çagalar bilen birlikde asuda ilata garşy guralýan hüjümleriň, Palestiniň bilim ulgamynyň, kitaphanalaryň we ýokary okuw jaýlarynyň bilkastlaýyn ýok edilmeginiň “bilim genosidine” öwrülendigi ýatladyldy.

Jarnamada Gazadaky hüjümleriň medeni we sosial durmuşy ýok etmegi maksat edinýändigi bellenildi.

Jarnama Prezident R. T. Erdoganyň aýaly Emine Erdogan bilen birlikde Kataryň Bilim Gaznasynyň başlygy Şeýha Moza bint Nasser, Bosniýa-Gersogowinanyň Prezidium geňeşiniň Bosniýaly agzasy Denis Besirowiçiň aýaly Mirela Besirowiç, Kolumbiýanyň Prezidentiniň aýaly Weronika Garsia, Gambiýanyň Prezidentiniň aýaly Fatoumatta Bah-Barrow, Sierra-Leoneniň Prezidentiniň aýaly Fatima Maadda Bio, Petra milli gaznasynyň başlygy we UNESCO-nyň Medeni mirasynyň Ýagşy niýetli ilçisi Şa aýal Dana Firas, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň aýaly Wan Azizah İsmail we Şatlandiýanyň ozalky Premýer-ministri Humza Ýosaf ýaly birnäçe adam gol goýdy.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde çagalar we zenanlar bilen birlikde 65 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna garşy durýan Emine Erdoganyň tagallasy netijesinde liderleriň aýallary 2023-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Stambul şäherinde geçirlen “Palestin üçin ýek ýürek” maslahatyna gatnaşypdy we Gazadaky asuda ilat üçin dünýä ýurtlaryna çagyryş edipdi.

Gazada asuda ilatyň öldürilmeginiň öňüni almak we sebitde parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin elinden geleni etjekdigini her platformada beýan eden Emine Erdogan, dünýäniň çar tarapyndan döwlet we hökümet baştutanlarynyň aýallarynyň we ýörite wekillerin gatnaşmagynda Stambulda geçirlen maslahata ýolbaşçylyk edipdi.

Maslahatda Gazadaky adamzat pajygasynyň bes edilmegi we krizisin çözülmegi üçin çagyryş edilipdi.

Emine Erdogan, adamsy Prezident R. T. Erdoganyň Premýer-ministrligi döwründe 2009-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda Stambul şäherinde geçirlen “Palestinde parahatçylyk üçin zenanlar” maslahatyna ýolbaşçylyk edipdi.

Sebit ýurtlarynyň liderleriniň aýallarynyň gatnaşmagynda Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde iki hepde-de 800 adamyň ýoğalan döwründe geçiripdi.

Emine Erdogan maslahatda “Gaza goldaw bermek üçin Stambul çağyryşy” tekstini sahnada okapdy. Şol tekst liderleriň aýallarynyň umumy sesi hökmünde kabul edilipdi.

 

 

Öwren
Daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ-da saparda bolar
Erdogan: Owganystan bilen durnuksyz ýaraşyk dowam edýärkä türk wekiliýeti Pakistana sapar gurar
Erdogan ABŞ-nyň F-35 boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegini umyt edýär
Türkiye kiber içalylyk bilen bagly geçiren reýdlerinde şübhe astyndaky iki adamy tussag etdi
Erdogan bilen Dibeýbe Türkiýe bilen Liwiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy
Britaniýanyň Ankaradaky ilçisi: “Türkiýe Siriýanyň galkynyşynda uly rol oýnaýar”
Türkiye Gazadaky ýaraşygyň dowam etdirilmegi barada çagyryş berdi
Türkiye Gazada ýaraşygyň ýol meýilnamasyny maslahatlaşmak üçin Stambulda Hamas bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Hakan Fidan Finlýandiýada saparda bolýar
Altaý tanky Türkiýäniň goranyş güýji we global maksatlary üçin täze bir döwri delillendirýär
Türkiye noýabr aýynda Siriýa üstaşyr transport gatnawyny başladar
Türkiýe Gaza esger ugradylmagy meselesinde BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararyna görä hereket eder
Fidan: Ysraýyl Gazadaky ýaraşygy sabotaž etdi we onuň jogabyny bermeli
Erdogan: Türkiye goranyş taslamalary boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyny tizleşdir
Prezident Erdogan Al-Faşirdäki asuda ilat gyrgynçylygyny ýazgardy
Pakistan bilen Owganystan 6-njy noýabrda Stambulda gepleşikleri dowam etdirerler
Ýylmaz: Türkiye goranmak senagaty boýunça egilşik etmez
Stambulda geçiriljek 9-njy TRT World forumynda dialog we adalat çagyryşy berler
Türkiýe seýrek ýer elementleriniň global bazarynda güýçli pozisiýa eýelemegi maksat edinýär
Türkiye Sudana çagyryş berdi: Al-Faşirdäki çaknyşyklar dessine bes edilsin