DÜNÝÄ
1 minut okamak
Saud Arabystany Husilere berk garşylyk görkezmek bilen hemle atdy
Saud Arabystanynyň ýolbaşçylyyndaky koalisiýa güýçleri Saud Arabystanyna haýsydyr bir hüjüm guralan halatynda berk garşylyk görkejekdiklerini duýdurdy.
Saud Arabystany Husilere berk garşylyk görkezmek bilen hemle atdy
Saud Arabystany Husilere berk garşylyk görkezmek bilen hemle atdy / Reuters

Ýemende halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hökümete goldaw berýän Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleri, Ýemende iş alyp barýan Husiler tarapyndan abanýan howplardan soň, Saud Arabystany nyşana alynan ýada Ýemeniň özygtyýarlygy basgylanan halatynda degişli çäreleriň görüljekdigini mälim etdi.

Koalisiýa güýçleriniň metbugat sekretary Turki al Maliki şenbe güni beren beýannamasynda, “Husiler Saud Arabystanyny ýada Ýemeniň halkyna nyşana alan halatynda jerimesi agyr bolar” diýdi.

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleriniň, Husileriň metbugat sekretary Ýahýa Seriniň Saud Arabystanynyň howa menzilliere hüjüm gurandyklary baradaky habaryndan soň beren beýannamasy ünsleri özüne çekdi.