Polşanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Premýer-ministr Tusk, Slowakiýa guran saparynyň çäginde Wengriýanyň, Çeh Respublikasynyň, Slowakiýanyň we Irlandiýanyň Premýer-ministri bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.
Tusk Polşa bilen Ukrainanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesinde düýn gije gümrük geçelgesine abanýan uly howpuň ortadan aýrylandygyny nygtady.
Russiýanyň Moldowada gümrük geçelgelerine hüjüm gurandygyny aýdan Tusk, “Polşa bilen birlikde beýleki ýurtlaryň Ukraina bilen gümrük geçelgelerine şuňa meňzeş hüjüm guramagyna garaşýarys” diýdi.
Tusk Polşanyň ähli taraplaýyn taýar bolmalydygyna ünsi çekdi.
Donald Tusk “Polşa bilen birlikde tutuş Ýewropa, diňe Russiýa-Ukraina front liniýasyndaky ýagdaý taýdan däl eýsem ÝB-niň gündogar ganady taýdan hem ähli senarilere taýar bolmaly” diýip belledi.



















