DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ysraýylyň hüjümleri parahatçylyga goldaw berýän ýurtlara howp salýar
Ysraýylyň Premýer-ministri Şyh Muhammed, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde eden çykyşynda, Doha guralan hüjümiň Gazadaky parahatçylyk gepleşiklerini we töwellaçylyk tagallalaryny bökdemegi maksat edinýändigini aýtdy.
Ysraýylyň hüjümleri parahatçylyga goldaw berýän ýurtlara howp salýar
12 Sentýabr 2025

Kataryň Premýer-ministri, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde eden çykyşynda, şu hepde Doha guralan hüjümi Gazada atyşygyň bes edilmegi maksady bilen geçirilýän gepleşikleri bökdemek synanşygy hökmünde häsiýetlendirdi.

Şyh Muhammed, Ysraýylyň  hüjümleriniň diňe Katary däl eýsem parahatçylyga goldaw berýän ähliýurtlary nyşana alandygyny aýtdy.

Şyh Muhammed bin Abdurrahman Al Sani, “Şuňa meňzeş hüjümleriň dowam etmegi diňe Katary nyşana almak bilen çäklenmeýär. Parahatçylyk üçin tagalla edýän ýurtlaryň nyşana alynmagy taýdan hem howply we BMG-na bolan ynama zeper ýetirýär” diýdi.

Hepdäniň başynda Ysraýylyň Dohada Hamasyň adyndan gepleşiklere gatnaşýan wekiliýeti nyşana alan hüjümine ünsi çeken Al Sani, “Bu hüjüm BMG-na agza döwletiň özygtyýarlygynyň basgylanmagydyr. Parahatçylyga ynanýan döwletleriň medeniýetli hereketden gaty uzak”diýip belledi.

Şyh Muhammed BMG-da eden çykyşynda “Bu hüjümi guran Ysraýyllyň wekillerini nähili kabul ederis? Töwellaçy ýurda hüjüm eden başga döwletiň adyny ozal eşidipmidiňiz?”diýip ýüzlendi.

Katarly lider, Dohanyň düşnüşmezlikleriň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi we atyşygyň bes edilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini, emma howpsuzlygyna abanýan wehimler meselesinde hoşniýetli çemeleşip bilmejekdigini duýdurdy.

Al Sani, Ysraýylyň ýolbaşçylaryny “Gazada genosid edip sebiti durnuksyzlaşdyrýarka jerimesini çekmejekdigine ynanýan gana suwsan ekstremistler” hökmünde häsiýetlendirdi.

Kataryň Premýer-ministri parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin gyssagly atyşygyň bes edilmelidigini, ýesirleriň boşadylmalydygyny, Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmelidigini we iki döwletli çözgüdüň gerekdigini belledi.

Şol maslahatda çykyş eden Iordaniýanyň Daşary işler ministri Aýman Safedi hem Ysraýyly “asuda ilatyň ganyna boýalan garakçy hökümet” hökmünde häsiýetlendirdi.

Safedi, Ysraýylyň gandöküşikli hüjümleriniň bes edilmegi we Gazanyň halkynyň goralmagy üçin halkara jemgyýetçiligine çagyryş berdi.

Doha 2012-nji ýyldan bäri Waşingtonyň we Tel-Awiwiň talabyna laýyklykda Hamasyň syýasy ofisine ýer eýeçiligini edýär we Müsür bilen birlikde birnäçe gezek atyşygyň bes edilmegi maksady bilen geçirilýän gepleşiklerde töwellaçylygy öz üstüne aldy.

Ysraýylyň hüjüminiň şol tagallara zeper ýetirýändigine garamazdan Katar töwellaçylyk etmäge dowam etjekdigini aýtdy.

 

 

Öwren
Eýran çäklendirmeleri gowşatmaga we halkara jaňlara rugsat bermäge başlady
Medwedew Tramp bilen bagly: "Eger ol howlukmasa, olar Russiýa goşulmak üçin ses berip biler" diýdi
ABŞ raýatlaryna Eýrany terk etmekleri barada çagyryş berdi
Russiýa we Ukraina biri-birleriniň energetika desgalaryna hüjüm guradylar
Tramp: Eýran ýadro gepleşikleri üçin ýüz tutdy we gepleşik geçirmek isleýär
Ysraýyl ýene-de dört palestinalyny öldürdi
Argentina ilçihanasyny Iýerusalime göçümek meýilnamasyny togtatdy
Eýranda geçirilýän protest ýörişlerinde 100-den gowrak howpsuzlyk işgäri öldürildi
Ysraýyl ýene-de 3 palestinlini öldürdi
Ysraýyl ylalaşyga garamazan Gaza guraýan howa hüjümlerini dowam etdirýär
Halap şäherinde ÝPG terrorçylaryna garşy operasiýa başladyldy
Russiýanyň Kiýewe guran hüjümlerinde 4 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy
Rus hüjümleri Ukrainanyň iki sebitiniň elektrik üpjünçiliginiň kesilmegine sebäp boldy
Wenesuelanyň Içeri işler ministrligi: ABŞ-nyň hüjümlerinde azyndan 100 adam ýogaldy
Eýrandaky protestlerde ölen adamlaryň sany 38-e ýetdi
Eýran Mossad içalysy bolmakda aýyplanýan bir adama ölüm jezasyny berdi
Tramp Grenlandiýany ele salmak üçin dürli ugurlary göz öňünde tutýar
ÝB Wenesuelanyň wagtlaýyn prezidentini ykrar etmekden ýüz öwürýär
SDG-nyň hüjümlerinden soň Halap howa menzilinde uçuşlar togtadyldy
Wenesuelada prezident köşgüniň golaýyndan partlama we ýarag sesleri eşidildi