SYÝASAT
1 minut okamak
Türkiye Stambul gepleşiklerniň Ukraina-Russiýa parahatçylygy üçin täze sahypa açjakdygyna umyt edýär
Daşary işler ministri Hakan Fidan, NATO ministrleriniň Antalýa maslahatynda Türkiyäniň Ukrainadaky parahatçylyk tagallalarynda strategiki roluna ünsi çekdi.
Türkiye Stambul gepleşiklerniň Ukraina-Russiýa parahatçylygy üçin täze sahypa açjakdygyna umyt edýär
15 Maý 2025

Daşary işler ministri penşenbe güni Stambulda Ukraina bilen Russiýanyň arasynda geçiriljek parahatçylyk gepleşikleriniň iki söweşýän tarapyň arasynda täze başlangyç üçin ýol açyp biljekdigine umyt bildirdi.

Hakan Fidan, NATO-nyň resmi däl daşary işler ministrleriniň maslahatynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: "3 ýyl başdan geçirlen görgiden soň, mümkinçilik penjiresiniň açylandygyny görýäris" diýdi.

Russiýa bilen Ukrainanyň takmynan iki ýyl arakesmeden soň Stambulda göni parahatçylyk gepleşikleri geçirmegine garaşylýar. Türkiye bolsa ýene-de bir gezek ýer eýesi we araçy roluny öz üstüne alýar.

Fidan: "Stambulda geçiriljek gepleşikleriň täze sahypa açmagyna sebäp bolar diýip umyt edýärin" diýdi.

Şeýle hem Fidan, ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Türkiyäniň paýtagty Ankara çenli NATO-da howpsuzlyk toruny döretmegiň möhümdigini aýtdy.

Hakan Fidan NATO hyzmatdaşlary hökmünde Ukrainada goranyş hyzmatdaşlygyny we parahatçylygy döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny aýtdy.

Fidan bu duşuşygyň iýun aýynda Gaagada geçiriljek NATO sammitine taýýarlyk boljakdygyny beýan etdi.

Antalýada we Stambulda şol bir wagtyň özünde geçirilýän diplomatiýa bilen Türkiye diňe bir NATO-nyň möhüm agzasy hökmünde däl, eýsem şol bir wagtyň özünde halkara çaknyşyklaryň çözüwinde artýan täsiri bilen diplomatiýa merkezi hökmünde özüni subut etdi.