DÜNÝÄ
1 minut okamak
ABŞ heniz eýranly türgenlere wiza bermedi
Eýranyň Futbol federassiýasy 2026 Dünýä kubogyna gatnaşmak üçin ABŞ-na gitjek milli ýygyndy futbol komandasynyň türgenlerine heniz wiza berilmändigini mälim etdi.
ABŞ heniz eýranly türgenlere wiza bermedi
ABŞ heniz eýranly türgenlere wiza bermedi / Reuters

Eýranyň Futbol federassiýasynyň başlygy, ABŞ-da geçiriljek 2026 Dünýa kubogyna gatnaşmak türgenlere heniz wizanyň berilmändigini mälim etdi.

IRNA habarlar gullugynyň penşenbe güni beren habaryna görä, Federassiýanyň başlygy Mehdi Taj, “Bir-iki günüň dowamynda FIFA-niň resmileri bilen duşuşyk geçireris. Wiza meselesi heniz çözülmedi. Bu mesele boýunça bize kepillik berilmeli” diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kasym Garibabadi, X sosial media platformasy arkaly meselä garşylyk görkezdi.

Garibabadi “Ýer eýesi üçin haýsydyr bir komandanyň dünýä kubogyny bökdemek üçin syýasy düşnüşmezlikleri we sanksiýalary bökdäp bilmez” diýdi.

Eýranda ABŞ-nyň, Meksikanyň we Kanadanyň ýer eýeçiliginde geçiriljek 2026 Dünýä kubogyna gatnaşjak türgenleri ugratmak üçin ýörite dabara geçirildi.

“Team Melli” hökmünde bilinýän Eýranyň milli ýygyndy futbol toparynyň kubogyň çäginde Arizona ştatynyň Tuson şäherinde türgenleşik geçirmegi meýilleşdirilýär.

G toparynda ýer alýan Eýran, Dünýä kubogyndaky ilkinji duşuşygyny 15-nji iýunda Los-Anželesde Täze Zelandiýa bilen geçirer.