Türkiye we Pakistan Eýrana garşy urşy bes etmek bilen bagly tagallalary maslahatlaşdylar
Daşary işler ministri Hakan Fidan we onuň pakistanly kärdeşi Muhammad Ishak Dar ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy başladan urşuny bes etmek üçin diplomatik tagallalar barada pikir alyşdylar.
Türkiyäniň Daşary işler ministrliginiň habar çeşmeleri daşary işler ministri Hakan Fidanyň we onuň pakistanly kärdeşi Muhammad Ishak Daryň Eýran urşy barada pikir alyşandygyny aýtdylar.
Fidan we Dar sişenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy başladan hüjümleri bilen başlanan urşy bes etmäge gönükdirilen diplomatik tagallalar barada pikir alyşdylar.
Pakistan mundan ozal Ýakyn Gündogarda güýçlenýän urşy bes etmek üçin diplomatik tagallalara "wagt we mümkinçilik" berilmegini talap edipdi.
Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif: "Ýakyn Gündogarda dowam edýän urşuň parahatçylykly çözülmegi üçin diplomatik tagallalar yzygiderli özgerýär" diýipdi.
Ak Tam Pakistanyň soňky teklibiniň prezident Donald Trampa "ýetirlendigini" belläpdi, metbugat wekil Kerolaýn Liwitt: "Prezident teklipden habarly we jogap berler" diýipdi.
Ysraýyl we ABŞ 28-nji fewralda Eýrana garşy birnäçe hepdelik hüjümlerini başladanyndan bäri, tutuş sebit ýokary derejede hüşgär ýagdaýda.
Tähran Ysraýyla, Iordaniýa, Yraga we ABŞ-nyň harby güýçleriniň ýerleşýän Pars aýlagy döwletlerine garşy uçarmansyz howa ulagy we raketa hüjümleri bilen jogap berdi; bu hüjümler adam pidalaryna we infrastruktura zeper ýetirdi, şeýle hem dünýä bazarlaryna we awiasiýa ulgamyna täsir ýetirdi.