DÜNÝÄ
1 minut okamak
Eýran ABŞ-nyň Iordaniýadaky harby bazasyna hüjüm gurady
Iordaniýa Eýrana degişli 18 raketanyň hatardan çykarlandygyny mälim etdi.
Eýran ABŞ-nyň Iordaniýadaky harby bazasyna hüjüm gurady
Eýran ABŞ-nyň Iordaniýadaky harby bazasyna hüjüm gurady / Reuters Arkiv

Tähran ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine we nebit tankerlerine guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.

Eýran ABŞ-nyň ýaňy ýakynda guran hüjümine jogap hökmünde İordaniýadaky harby baza raketa atandygyny öňe sürdi.

Iordaniýanyň harby goşuny Eýrandan atylan 20 ballistiki raketanyň 18-niň İordaniýanyň  howa goranyş ulgamlary tarapyndan hatardan çykarlandygyny habar berdi.

Ady agzalýan raketa hüjümleri, Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň ABŞ-nyň İordaniýadaky harby bazasyna we Aegis söweş ulgamlary bilen üpjün edilen ABŞ-na degişli DDG-119 we DDG-53 kysymly esminesine guran hüjümlerinden soň guraldy.

Ýarym resmi “Tasnim” habarlar gullugynda berlen habara görä, Eýranyň Ynkylap goragçylary “Eýranyň nebit tankerlerine we gämilerine guralan hüjümlere degişli gaýtawul görkeziler” diýildi.

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň, ABŞ-nyň Eýrana degişli gämilere guran hüjüminden soň Kuweýdiň we Bahreýniň portlaryndaky nebit tankerlerine hüjüm gurajakdygy barada duýduryş berendigi nygtaldy.