SYÝASAT
1 minut okamak
ABŞ-da geçirlen saýlawlar Eýran syýasatyny üýtgetmez
Eýranyň lideri Moçteba Hamanei, ABŞ-da geçirlen araky saýlawlaryň netijeleriniň Waşingtonyň Eýrana garşy alyp barýan duşmançylykly syýasatyny üýtgetmejekdigini aýtdy.
ABŞ-da geçirlen saýlawlar Eýran syýasatyny üýtgetmez
ABŞ-da geçirlen saýlawlar Eýran syýasatyny üýtgetmez

Eýranyň lideri Moçteba Hamanei 1979-njy ýylda ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasynda geçirlen reýtden soň bellenilip geçilýän “Halkara imperializme garşy milli göreş” güni mynasibetli ýazmaça beýannama berdi.

ABŞ-nyň “Eýranyň halkynyň şertsiz boýun egmegini” maksat edinendigini nygtan Hamanei, duşmana garşy ýumşamagyň söweşde ýogalanlaryň we halkyň pidäkärliklerini puja çykarjakdygyny, munyň garşy tarapyň talaplarynyň we hüjümleriniň artmagyna sebäp bolup biljekdigini nygtady.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky Respublikan partiýanyn araky saýlawlarda ýeňilendigine ünsi çeken Eýranyň lideri Moçteba Hamanei bu netijeleriň ABŞ-nyň alyp barýan Eýran syýasatyny täsirini ýetirmejekdigini belledi.

ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy 28-nji fewralda başladan hüjümlerinden soň Eýranyň Ormuz bogazynyň gözegçiligini ele geçirendigini we sebitdäki Amerikan bazalaryny hatardan çykarandygyny aýdan Hamanei, “Eýran şuňa meňzeş hüjümlere degişli gaýtawuly görkezmäge dowam eder” diýdi.

Eýranyň lideri Moçteba Hamanei Eýrana goldaw berýän sebitdäki ýaragly toparlary “garşylyk frondy” hökmünde häsiýetlendirdi we olar barada öwgüli sözler aýtdy.