SYÝASAT
1 minut okamak
ABŞ-nyň Goranmak ministri garaşylmadyk ýagdaýda Ysraýyla bardy
Garaşylmadyk ýagdaýda Ysraýyla baran ABŞ-nyň Goranmak ministri Owda howa bazasynda Netanýahu bilen duşuşdy.
ABŞ-nyň Goranmak ministri garaşylmadyk ýagdaýda Ysraýyla bardy
ABŞ-nyň Goranmak ministri garaşylmadyk ýagdaýda Ysraýyla bardy / Reuters

Axios habarlar saýtynyň berýän habaryna görä, ABŞ-nyň Goranmak ministri Pit Hegset garaşylmadyk ýagdaýda Ysraýyla bardy.

Hegset Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen duşuşdy.

Duşuşyk Waşington bilen Tel-Awiwiň, Eýrana garşy giň gerimli harby hüjümleri gaýtadan başlatmagy meýilleşdirýän döwründe geçirildi.

Habara görä, duşuşyk ABŞ-na degişli tankerleriň we harby uçarlaryň ornaşan ýeri bolan Ysraýylyň günortasynda ýerleşýän Owda howa bazasynda geçirildi.

Hegsetiň harby bazada iş alyp barýan amerikaly esgerler bilen hem duşuşandygy nygtaldy.

Sapar Ysraýylda 27-nji oktýabrda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda guralmagy taýdan hem ünsleri özüne çekdi.

Pentagon we Ysraýylyň ABŞ-daky ilçihanasy sapar hakynda maglumat bermekden gaça durdy.

Sapar şol bir wagtda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýekşenbe güni saýlawlaryň öňüsyrasynda Netanýahuýa goldaw berýändigini beýan etmeginiň yzy ýanyndan guraldy.