SYÝASAT
2 minut okamak
Ýaponiýa, Hytaý we Koreýa Respublikasy özara hyzmatdaşlygy artdyrar
Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Takeşi Iwaýa, hytaýly we koreýaly kärdeşi bilen duşuşandygyny we özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy boýunça ylalaşyk gazanandyklaryny mälim etdi.
Ýaponiýa, Hytaý we Koreýa Respublikasy özara hyzmatdaşlygy artdyrar
22 Mart 2025

Ýaponiýanyň, Koreýa Respubliklasynyň we Hytaýyň daşary işler ministri, Tokioda geçirlen duşuşykda hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy boýunça ylalalşyk gazandy. Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Takeşi Iwaýa, duşuşykdan soň beren beýannamasynda “Üç ýurt hökmünde özara hyzmatdaşlyk, sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşdyk. Özara hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegi boýunça ylalaşyk gazandyk” diýdi.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Iwaýa “Halkara derejesinde ýagdaý gün saýyn agyrlaşýar we taryhy taýdan öwrül nokadyny başdan geçirýäris” diýdi.

Iwaýa “Şeýle ynjyk döwürde bölünşigi we çaknyşygy gepleşik we hyzmatdaşlyk arkaly ýeňip geçmek hemişekisinden has möhüm” diýdi.

2023-nji ýyldan bäri üç ýurduň daşary işler ministriniň, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň alyp barýan syýasatlarynyň birnäçe ýyllyk hyzmatdaşlyklara ýaramaz täsirini ýetirýän günlerinde ilkinji duşuşygyny geçirendigi nygtalýar. Duşuşykda Demirgazyk Koreýanyň ýadro meýilnamasy we söwda ýaly meseleleriň seljerilmegine garaşylýar. Geçen ýyl Seulda geçirlen sammitden soň nobatdaky üçtaraplaýyn liderler sammiti meselesi hem gün tertibine getirler.

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Ço Te Ýul, “Koreýa Ýarymadasynyň howpsuzlygy hem Gündogar Aziýanyň hem-de dünýäniň parahatçylygy we howpsuzlygy taýdan diýseň möhüm. Şu gün Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglary meselesini gün tertibine getirmek isleýärin” diýdi.

Erkin söwda gepleşikleri

Şu ýyl II jahan urşunyň tamamlanmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilip geçilýändigini nygtan Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi, erkin söwda gepleşikleriniň geçirilmegini isleýändiklerini belledi.

“Üç ýurt Hytaý, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy taryhy hakykatlary kabul edip gelejege seretmeli we Gündogar Aziýada özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmeli” diýen Wang, sebitara ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmelidigini nygtady.

Tokio bilen Seul, amerikaly müňlerçe esgeri ýurtlaryna kabul edip resmi Waşington bilen ýakyndan gatnaşyk edýär. Emma bu üç ýurt ABŞ, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy, Hytaýyň dünýäniň ykdysady taýdan ikinji ýurdy hökmünde sebileýin howpsuzlyk meselesinde uly rol oýnaýandygyny bilýär.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Iwaýa duşuşygyň çäginde hytaýly we koreýaly kärdeşleri bilen özaara duşuşyk geçirer.  Şeýle hem Ýaponiýa bilen Hytaýyň arasynda 6 ýyl soň ilkinji gezek ýokary derejeli ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty geçirler.

2023-nji ýylda Fukuşimada ýykylan ýadro desgasynyň galyndylarynyň arassalanandan soň deňize goýberilmegi sebäpli Hytaý tarapyndan ýapon önümlerine goýlan gadagançylyk meselesi hem gün tertibine getirler.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär