SYÝASAT
1 minut okamak
Ministr Fidan: “Türkiýe bilen Siriýanyň durnuklylygy we asudalygy biri-biri bilen arabaglanşykly”
Daşary işler ministri Hakan Fidan, Türkiýe bilen Siriýanyň durnuklylygy we asudalygy biri-biri bilen arabaglanşykly. Aramyzda diňe 900 metrlik serhet däl eýsem umumy taryh, umumy medeniýet we umumy geljek bar” diýdi.
Ministr Fidan: “Türkiýe bilen Siriýanyň durnuklylygy we asudalygy biri-biri bilen arabaglanşykly”
Ministr Fidan: “Türkiýe bilen Siriýanyň durnuklylygy we asudalygy biri-biri bilen arabaglanşykly”

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Siriýanyň Daşary işler ministri Şeýbani bilen duşuşdy.

Fidan duşuşykdan soň beren beýannamasynda “Siriýada durnuklylygyň ýola goýulmagy we ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanmagy bizi buýsandyrýar. Bu ýagdaý sebitimiziň we ýurtlarymyzyň geljegi taýdan diýseň möhüm” diýdi.

Türkiýe bilen Siriýanyň durnuklylygynyň we asudalygynyň biri-biri bilen arabaglanşyklydygyny nygtan Fidan, “Aramyzda diňe 900 metrlik serhet däl, umumy taryh, umumy medeniýet we umumy geljek bar” diýdi.

Türkiýe bilen Siriýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, özara söwda mukdarynyň artdyrylmagyny, gümrük geçelgelerinde käbir ýeňillikleriň döredilmegini, gümrük geçelgeleriniň mümkinçiliginiň artdyrylmagyny we bank ulgamlarynyň işläp başlamagyny maksat edinýändiklerini aýdan Fidan, Siriýanyň gaýtadan dikeldiş etabyna goşant goşmagy meýilleşdirýändiklerini belledi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan “Bu etapda sebitara taslamalaryň uly rol oýnajakdygyny bilýäris. Şol çäkde Türkiýäniň, Siriýanyň, İordaniýanyn we Saud Arabystanynyň arasynda gara we demir ýol liniýasynyn açylmagy diýseň möhüm. Liderlerimiziň kabul eden kararlaryna laýyklykda bu strategik taslamanyň gysga wagtda durmuşa geçirilmegi üçin işe girişdik”diýip belledi.