Duş 6 Ýek
Ýerli metbugatyň habaryna görä, Tehas ştatynyň Port Artur şäherindäki Walero nebiti gaýtadan işleýän zawodynda bolan partlamadan soň, uly ýangyn boldy.
Port Arturyň günbatar tarapynda gyssagly ýagdaýlar boýunça toparlaryň wakanyň bolan ýerine gelmegi sebäpli gaçybatalga döretmek barada buýruk berildi.
Partlamadan soň goýy gara tüsse we alow asmana göterildi. Suratlarda wakanyň bolan ýerinde uly ýangyn yň bolandygyny görüp bolýar.
MASLAHAT BERILÝÄR
Günde 335 müň barrelden gowrak kuwwatlylygy bolan bu nebiti gaýtadan işleýän zawod ABŞ-daky iň uly zawodlaryň biridir.
Wakanyň bolan ýerine gyssagly kömek gulluklary iberildi, häzirlikçe şikes barada habar alynmady.
Partlamanyň sebäbi entek belli däl.















