SYÝASAT
2 minut okamak
Eýran hüjümlere degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini mälim etdi
Eýran ýurduna guralan hüjümlerden soň Ysraýyla we ABŞ-nyň Bahreýndäki, Katardaky we Birleşen Arap Emirliklerindäki harby merkezlerini nyşana aldy.
Eýran hüjümlere degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini mälim etdi
Eýran hüjümlere degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini mälim etdi / Reuters
28 Fewral 2026

Eýran Amerikanyň Ýakyn Gündogardaky harby merkezlerine garşy raketa hüjümini başlatdy.

ABŞ-nyň Bahreýnde ýerleşýän 5-nji flodyny nyşana alandygyny habar berdi.

Bahreýniň habarlar gullugy şenbe güni Mina Salman deňiz portunda ýerleşýän harby merkeze raketa hüjüminiň guralandygyny habar berdi.

Bahreýniň Milli Kommunikasiýalar merkezinden berlen beýannamada, “5-nji floda raketa hüjümi guraldy”diýildi.

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi hüjümler hakynda heniz hiç hili beýannama bermedi.

Eýran Ysraýyla garşy hem balistiki raketa hüjümini gurady.

Ysraýylyň Goranmak ministrligi raketa hüjümiň öňüniň alynandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky harby merkezleri howp astynda

Eýran Ysraýylyň ir ertir Tähran bilen birlikde beýleki şäherlere guran hüjümine jogap hökmünde raketa hüjüminiň guralandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi, amerikan güýçleriniň hüjüme gatnaşandygyny mälim edipdi.

Eýranly resmiler, ýurduna guraljak haýsydyr bir hüjüme garşy ABŞ-nyň goňşy ýurtlardaky harby merkezlerini nyşana aljakdygy barada birnäçe gezek duýduryş beripdi.

Katarly resmiler Eýran tarapyndan guralan iki raketa hüjüminiň öňüniň alynandygyny habar berdi.

Katarda ABŞ-nyň Howa güýçlerine degişli Al Udeýd howa bazasy ýerleşýär. Howa bazasynda 10 müňden gowrak esger iş alyp barýar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu Dabide hem partlama sesleriniň eşidilendigi nygtaldy. Birleşen Arap Emirlikleri partlamalaryň yzy ýanyndan howa giňişligini ýapdy.

BAE, amerikan güýçleriniň ulanýan strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän Al Dafra howa bazasyna ýer eýeçiligini edýär.

Iordaniýanyň paýtagty Ammandaky amerikan harby merkeziniň golaýyna raketa hüjüminiň guralandygy öňe sürüldi.

Kuweýt bilen birlikde amerikan güýçlerine ýer eýeçiligini edýän beýleki aýlag ýurtlary hem halkyna howpsuz ýerlerde galmaklary üçin görkezme berdi.

 

Öwren
Tramp Eýran söweşinde heniz gury ýer goşunyny ornaşdyrmak islemeýändigini nygtady
Saud Arabystany Şa Sultan howa bazasyny nyşana alan 3 ballistiki raketanyň öňüni aldy
ABŞ-nyň Söwda ministri Kongresiň Epşteýn derňewinde şaýatlyk etmäge razylyk berdi
“Eýran nähak we hukuksyz hüjüme sezewar bolýar”
Prezident Erdogan Eýranda asuda ilatyň ýogalmagyny ýazgardy
Katar: “Eýran hüjümleriniň jerimesini çekmeli” diýdi
Eýran Saud Arabystanynyň nebiti gaýtadan işleýän iň uly desgasyny nyşana aldy
Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň lideri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Erdogan ÝB Komissiýasynyň başlygy bilen Eýrana guralýan hüjümler hakynda pikir alyşdy
Fotohabar: ABŞ bilen Ysraýyl Eýrana garşy harby hüjüm başlatdy
Tramp ABŞ-nyň Eýrana garşy giň gerimli söweş başladandygyny habar berdi
Dünýäniň ünsi ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan hüjümlerine gönükdi
Kanada Eýrandaky raýatlaryna ýurdy terk etmeklerini maslahat berdi
Pekin Owganystan bilen Pakistana hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş etdi
Russiýa: Parahatçylyk Geňeşi BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň rolyna zeper ýetirip biler
Azerbaýjanyň diňmeýän gam-gussasy: Hojaly Gyrgynçylygy
BMG-nyň Baş Assambleýasy Ukrainada hüjümleri bes edilmegi çagyryşyny berýän taslamany tassyklady
Pakistan Türkiýe bilen howpsuzlyk boýunça edýän hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak isleýär
ABŞ-nyň uçar gämisi Ortaýer deňzine girdi: Tramp Eýrana hüjüm guramagy göz öňünde tutýar
Putin tejribeli diplomadyny Türkiýä ilçi hökmünde belledi