Yslamabat ABŞ-Eýran gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif Yslamabadyň anna güni ABŞ bilen Eýranyň arasynda geçiriljek gepleşiklere ýer eýeçiligini etjekdigini aýtdy.
Pakistanyň Premýer-ministri Şahbas Şerif, ABŞ bilen Eýranyň Liwan bilen birlikde ähli çaknyşyk zolaklarynda hüjümleriň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanandyklaryny mälim etdi.
Şerif çarşenbe güni ertiriň irki sagatlarynda X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Eýran Yslam Respublikasynyň we ABŞ-nyň ýaranlary bilen birlikde Liwanda we beýleki çaknyşyk zolaklarynda hüjümleriň gyssagly bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanandyklaryny yglan etmekden hoşal” diýdi.
Şerif iki tarapa hem ylalaşyga sarpa goýmaklary, parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla etmekleri barada çagyryş etdi.
Pakistanyň Premýer-ministri ähli kynçylyklaryň çözülmegi üçin we yzygiderli ylalaşyk gazanmak üçin ABŞ-nyň we Eýranyň wekillerini anna güni Yslamabada çagyrýandygyny aýtdy.
Şerif “Yslamabat gepleşikleriniň netijeli bolmagyny umud edýäris” diýip belledi.
Iki hepdelik ylalaşyk
Hüjümleriň iki hepde möhlet bilen bes edilmegi babatynda ylalaşyk gazanyldy.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Eýrana guralýan hüjümleriň iki hepde möhlet bilen bes edilmegini kabul edendigini mälim etdi.
Eýran hem ar alyş operasiýalaryny bes etjekdigini aýan etdi.
Beýleki tarapdan Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi Eýranyň ýaragly güýçleriniň gämileriň Ormuz bogazyndan howpsuz ýagdaýda geçmegine gözegçilik etjekdigini mälim etdi.