Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Ankara Siriýanyň halkara jemgyýetçiligine gaýtadan utgaşyklygynyň ýeňilleşdirilmegine we sanksiýalaryň dolulygyna ortadan aýrylmagyna goldaw berer
Türkiýe BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara bilen Içeri işler ministri Enes Hattabyň sanksiýa sanawyndan çykarylmagy baradaky kararyna kanagatlanma bildirdi.
Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Önjü Keçeli anna güni beren beýannamasynda “Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara bilen Içeri işler ministri Enes Hattaby BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň sanksiýa sanawyndan çykaran 2799 belgili karara kanagatlanma bildirýäris” diýdi.
Keçeli beýannamasynda “Siriýanyň halkara jemgyýetçiligine gaýtadan utgaşyklygynyň ýeňilleşdirilmegine we sanksiýalaryň dolulygyna ortadan aýrylmagyna, ýurtda durnuklylygyň ýola goýulmagyna we galkynyşyna ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi penşenbe güni Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara bilen Içeri işler ministri Enes Hattabe goýlan saksiýalaryň bes edilmegi üçin taýarlanan taslamany kabul etdi.
ABŞ tarapyndan taýarlanan taslama 14 ýurt “kabul” sesini berdi. Hytaý bolsa ses bermekden saklandy.
2024-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Başar Asady agdaran güýçleriň lideri bolan Ahmed Şara, ýanwar aýynyň ahyrynda wagtlaýyn hökümetiň prezidenti hökmünde yglan edildi.
Ahmed Şara durnuklylygy wada berdi we ýurduň gysga wagtdan gaýtadan dikeldiljekdigini aýtdy.