TÜRKIÝE
2 minut okamak
Erdogan: Türkiye Siriýadaky ýagdaýa gözegçilik edýär we Gazada ABŞ bilen utgaşykly hereket edýär
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan "terrordan saplanan we ähli ugurlarda özgerýän parahatçylykly Siriýanyň sebitleýin durnuklylygy üpjün etmäge goşant goşjakdygyny" aýtdy.
Erdogan: Türkiye Siriýadaky ýagdaýa gözegçilik edýär we Gazada ABŞ bilen utgaşykly hereket edýär
Erdogan we Tramp

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp iki taraplaýyn gatnaşyklary, sebitleýin we global meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Türkiyäniň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy telefon arkaly söhbetdeşlik barada beýanat berdi.

Prezident Erdogan Trampa Türkiyäniň Siriýadaky wakalary "ýakyndan" gözegçilik edýändigini we Siriýanyň agzybirliginiň, jebisliginiň we territorial bitewiliginiň Ankara üçin "möhümdigini” aýtdy.

Liderler şeýle hem terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş we Siriýadaky tussaghanalarda saklanýan DAIŞ agzalarynyň ýagdaýy barada pikir alyşdylar.

Prezident Erdogan "terrordan saplanan we ähli ugurlarda özgerýän parahatçylykly Siriýanyň sebitleýin durnuklylygy üpjün etmäge goşant goşjakdygyny" aýtdy.

Gazada parahatçylyk üçin ABŞ bilen utgaşykly hereket

Erdogan Gaza meselesiniň üstünde durup geçip, sebitde parahatçylygy ýola goýmak üçin tagallalaryň dowam edýändigini we Türkiyäniň bu meselede ABŞ bilen utgaşykly hereket etmäge dowam etjekdigini aýtdy.

Erdogan şeýle hem Trampa Gaza parahatçylyk geňeşine çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Tramp sişenbe güni beren beýanatynda "örän gowy görýän" Erdogan bilen "örän möhüm" telefon gepleşigini geçirjekdigini habar beripdi.

Ak Tam anna güni Gaza parahatçylyk geňeşini döredendigini yglan etdi, bu geňeş Trampyň Ysraýylyň Gazadaky genosidini hemişelik bes etmek we sebiti dikeltmek boýunça 20 maddadan ybarat meýilnamasyny durmuşa geçirmekde "möhüm rol" oýnar. Geňeş strategik gözegçiligi üpjün etmäge, halkara serişdelerini üpjün etmäge we Gazanyň çaknyşykdan parahatçylyga we ösüşe geçmeginde jogapkärçiligi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Tramp aralarynda Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen birlikde birnäçe döwlet we hökümet baştutanlaryny geňeşe çagyrdy.

Öwren
Ýokary Harby Geňeşiň maslahaty geçirler
Döwlet agdarylyşygyna edilen synanyşykda Erdoganyň janyna kast etmäge çalşan FETÖ agzasy ele salyndy
Ýunus Emre Instituty Türk Dili Boýunça  Halkara Derejesinde Ykrar Edilýän Synag (TYS) Geçirýär
Prezident Rejep Taýyp Erdogan Liwan Respublikasynyň Prezidenti Jozef Oun bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Yragyň Ýokary kazyýet geňeşiniň başlygy Zeýdany kabul etdi
Türkiyede adamlaryň ortaça ýaşy 78,5 ýyla ýetdi
Türkiýe ählumumy ynsanperwerlik kömeginiň gerimini giňeldýär we 85 ýurda goldaw berýär
Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali ez-Zeýdi bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi
Türkiye Ispaniýadan soň indi bolsa Fransiýa ýangyn söndüriji uçarlaryny iberdi
Yragyň Premýer ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Aýasofýanyň ybadata açylmagynyň 6-njy ýyly bilen gutlady
Türkiye ysraýylly ministriň Aksa metjidinde reýd geçirmegine reaksiýa bildirdi
Türkiyäniň AKÝA torpedosy hakyky ot açyş synagynda nyşana alnan gämini ýok etdi
Türkiye: "Biz 90 ýyl bäri Montrýo bogazlary konwensiýasyny üns bilen ýerine ýetirýäris"
Daşary işler ministri Hakan Fidan katarly kärdeşi bilen duşuşdy
Egeý deňzinde 39 migrant tussag edildi, 8-si bolsa halas edildi
Türkiýe 4 aýda 23,5 million dollarlyk doňdurma eksport etdi
Malatýanyň Battalgazi etrabynda 5 bal ululygynda ýer titredi
15-nji iýuldan soň Daşary syýasat we Türkiyäniň geljekki maksatnamalary
15-nji Iýuldan Soňky Energetika Syýasatlary