DÜNÝÄ
2 minut okamak
Tramp, Alýaskada Putin bilen duşuşyk geçirer
Tramp öňümizdäki hepdäniň anna güni Alýaskada Putin bilen duşuşjakdygyny we Moskwa bilen Kiýewiň arasynda bolup biljek parahatçylyk şertnamasynyň ýer çalşygyny öz içine alyp biljekdigini aýtdy.
Tramp, Alýaskada Putin bilen duşuşyk geçirer
9 Awgust 2025

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2025-nji ýylyň 15-nji awgustynda Alýaskada Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşjakdygyny mälim etdi. Tramp Moskwa bilen Kiýewiň arasynda bolup biljek parahatçylyk şertnamasynyň ýer çalşygyny öz içine alyp biljekdigini aýtdy.

Tramp anna güni “Truth Social” sosial platformasyndan beren beýanatynda: "Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin arasynda köpden bäri garaşylýan duşuşyk 2025-nji ýylyň 15-nji awgustynda beýik Alýaskada bolar" diýdi.

Tramp ýanwar aýynda Ak Tama gaýdyp gelen gününden bäri Putin bilen ýüzbe-ýüz duşuşyk geçirmändi.

Tramp ondan öň, Ak Tamda Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleri bilen geçirilen üç taraplaýyn sammitde, Russiýa bilen Ukrainanyň parahatçylyk şertnamasynyň çäginde territorial çalşygyň boljakdygyny aýdypdy. Tramp: "Iki tarapa-da peýdaly boljak käbir sebitleýin alyş-çalyşlar bolar. Käbir territoriýalary yzyna almagy we käbirlerini alyş-çalyş etmegi maksat edinýäris diýip belledi.

Tramp bu beýanatyny Wall Street Journal gazetiniň, Putiniň Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoffa, Ukrainanyň gündogar sebitindäki Donetsk sebitinden ähli güýçlerini çeken halatynda, doly ýaraşygy kabul etjekdigi baradaky habardan soň berdi.

Beýleki tarapdan bolsa, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý anna güni beren beýanatynda, Kiýewiň we onuň ýaranlarynyň Russiýa ýeterlik basyş edilse iň bolmanda atyşygyň mümkindigi barada umumy garaýyşa eýediklerini habar berdi.

Zelenskiý halka ýüzlenip eden çykyşynda dürli ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen ençeme duşuşyk geçirendigini we toparynyň ABŞ bilen hemişe aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy. Şeýle hem, Ukrainanyň we ýaran döwletleriň milli howpsuzlyk geňeşçileriniň anna güni maslahat geçirjekdigini aýtdy.

Öwren
ABŞ-nyň harby uçary Yragyň günbatarynda ýere gaçdy
Netanýahu Eýranyň täze beýik ruhy liderine haýbat atdy
Eýran mekdebe guralan hüjümi bagyşlap bolmajak harby jenaýaty hökmünde häsýetlendirdi
Russiýa Brýansk hüjüminden soň Ukrainany we Britaniýany "terrorçylykly hüjüm" guramak bilen aýyplady
Ýakyn Gündogardaky söweş sebäpli nebitiň barrel bahasy 100 dollardan geçdi
Ysraýyl söweşiň başyndan bäri 3 müň 400 nyşana 6 müňden gowrak howa hüjümini gurady
Kreml: Russiýa-Ukraina-ABŞ gepleşikleri Stambulda geçirlip biler
Ysraýylyň Liwana guran howa hüjümlerinde azyndan 16 adam ýogaldy
ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan hüjüminde 8 aýlyk bäbejik bilen birlikde 193 çaga ýogaldy
ABŞ-nyň Eýran söweşinde 11 sany MQ-9 Reaper drony hatardan çykdy
Belgiýadaky sinagogalaryň birinde partlama boldy
Eýran Hameneýiniň ogly Mojtabany täze dini lider wezipesine belledi
ABŞ Saud Arabystanyndaky ilçihanasynyň işgärleriniň ýurtdan çykmagyny isledi
Ysraýyl Eýran bilen azyndan 1 aý dowam etjek söweşe taýarlanýar
Eýran Yslam Respublikasynyň täze Beýik ruhy lideri Mojtaba Hameneýi kim?
Eýran: ABŞ-nyň Şri-Lankanyň suw giňişliginde hüjüm guran gämisinde 104 esger öldi
Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky hüjümler dowam edýär
Eýran amerikan esgerlerini ele salandygyny öňe sürýär; ABŞ bolsa şol öňe sürmeleri ret edýär
Netanyahu Eýrana garşy “ähli güýçleri bilen” urşy dowam etdirjekdiklerini aýtdy
Russiýa tarapyndan Harkowa guralan hüjümde birnäçe adam ýogaldy