Russiýa Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin talaplaýyny beýan etdi.
Moskwa Ukraina gündogardaky Donbas sebitinden çekilmän halatynda ylalaşygyň ýada Ukraina bilen giň gerimli gepleşikleriň başlap biljekdigini mälim etdi.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow çarşenbe güni metbugata beren beýannamasynda “Atyşygyň bes edilmegi ýada giň gerimli parahatçylyk gepleşikleriniň başlamagy üçin Prezident Zelenskiý Ukrainanyň harby goşunyna hüjümlerini bes etmegi we Donbasdan çekilmekleri üçin görkezme bermeli” diýdi.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bir hepde ozal Ukraina bilen 4 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän çaknyşygyň bes edilip bilinjekdigini aýdypdy.
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Russiýanyň talaplaryny ret etdi.
Zelenskiý “Russiýanyň talaplaryny kabul etmek boýun egmek diýmekdir”diýdi.
Beýleki tarapdan Ukrainanyň harby goşuny gysga wagt dowam eden ylalaşykdan soň Russiýa degişli nebiti gaýtadan işläp çykarýan desgany we tebigy gaz merkezini nyşana alandygyny habar berdi.
Ukrainanyň Baş ştabynyň başlyklygy we dron güýçleriniň serkerdesi Robert Browdi çarşenbe güni Telegramdan beren habarnamasynda Russiýanyň günortasynda ýerleşýän Krasnodar şäherinde nebit-gaz desgalaryna hüjüm gurandyklaryny mälim etdi.
Ukraina söweşi maliýeleşdirmekde ulanýandygy sebäpli Russiýanyň nebit-gaz pudagyna ýygy-ýygydan hüjüm guraýar.







