SYÝASAT
2 minut okamak
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Müsürüň Daşary işler ministri Badr Abdelatty bu beýanaty Netanýahunyň ylalaşygy bes edip, Gazada urşy gaýtadan başlatma ähtinallygynyň alada döredýan günlerinde berdi.
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Müsürüň Daşary işler ministri Badr Abdelatty
22 Oktýabr 2025

Müsür Birleşen Milletler Guranasynyň (BMG) Howpsuzlyk geňeşini Gazada halkara parahatçylyk missiýasyny tassyklamak üçin gyssagly hereket etmäge çagyrdy we bu meselede giža galmaklygyň ABŞ tarapyndan goldanýan parahatçylyk meýilnamasyny howp salyp biljekdigini duýdurdy.

Müsüriň Daşary işler ministri Badr Abdelatty duşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň “The National” gazetine beren beýanatynda Kairiň uruşdan ejir çeken sebitiň dikeldilmegini utgaşdyrmak we kömek bermek üçin halkara durnuklaşdyryş güýçleriniň hem-de "Parahatçylyk Geňeşiniň" döredilmegini goldaýandygyny aýtdy.

Bu teklip, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan öňe sürlen başlangyjyň bir bölegi bolup, 10-njy oktýabrda ok atyşygyň bes edilmeginden soň, tapgyrlaýyn prosesi göz öňünde tutýar. Onuň düzümine Palestiniň söweşjeň topary Hamasyň ýaragsyzlandyrylmagy we köpmilletli güýçleriň ýerleşdirilmegi hem degişli bolup durýar.

Abdelatty Gazanyň Palestin dolanşygynyň gözegçiliginde galmalydygyny nygtap, BMG-niň kararynyň "kanunylyk" gazandyrmak we parahatçylygy goraýjy güýçleriň borjuny kesgitlemek üçin zerurdygyny beyan etdi.

"Missiýa parahatçylygy saklamaga borçly bolmaly, parahatçylygy mejbury ýola ýagdaýda ýola goýmak üçin däl" diýip, Abdelatty aýtdy. Şeýle hem, halkara durnuklaşdyryş güýçleriniň we "Parahatçylyk Geňeşiniň" agzalarynyň —ozalky Iňlis Premýer-ministri Toni Bleýr ýaly şahsyýetleri öz içine almagyna garaşylýandygyny, olaryň polis, dolandyryş we halkara kömeginiň ýetirilmegi bilen baglanyşykly meselelerde ýardam berjekdigini aýtdy.

ABŞ bolsa sebitde durnuksyzlyk ähtinallygyna alada bildirýär. ABŞ-nyň Prezidentiniň orunbasary JD Wansyň Ysraýyla eden soňky sapary Netanyahuň ylalaşygy bozup, urşy gaýtadan başlatma ähtimallygy sebäpli guraldy.

Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär
Hamas ysraýylly ýesirleri boşatmaga başlady