SYÝASAT
2 minut okamak
Erdogan: Hazardan geçýän Gündogar-Günbatar koridorynyň ähmiýeti gün saýyn artýar
Prezident R. T. Erdogan bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.
Erdogan: Hazardan geçýän Gündogar-Günbatar koridorynyň ähmiýeti gün saýyn artýar
Erdogan: Hazardan geçýän Gündogar-Günbatar koridorynyň ähmiýeti gün saýyn artýar / AA

Prezident Erdogan “Ýüpek ýolunyň döwrümizdäki ady bolan Hazardan geçýän Gündogar-Günbatar Merkezi koridorynyň ähmiýeti gün saýyn artýar. Biz Gazagystan we beýleki ýaranlarymyz bilen birlikde bu koridory diňe haryt gatnatmak üçin däl eýsem energiýa serişdeleriniň günbatarly ýurtlara ýetirilmegi üçin hem ulanylmagyny höweslendirmäge dowam ederis” diýdi.

Prezident Erdogan Astanada Garaşsyzlyk köşgünde Gazagystanyň Prezidenti Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Erdogan bilen Tokaýew özara duşuşykdan soň Türkiýe-Gazagystan Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň altynjy maslahatyna ýolbaşçyk etdi.

Iki lider soň bolsa metbugata beýannama berdi.

Prezident Erdogan bilelikdäki metbugat ýygnagynda “Türkiýe-Gazagystan Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň altynjy maslahatyny üstünlikli ýagdaýda geçirdik. Birnäçe şertnama gol çekişdik. Jenap Tokaýew bilen wekiliýeti bilen geçiren gepleşiklerimizde söwda, aragatnaşyk, energiýa, saglygy goraýyş, medeniýet, bilim, tehnalogiýa we goranyş senagaty ýaly birnäçe ugur boýunça edýän hyzmatdaşlygymyzy giňişleýin ara alyp maslahatlaşdyk. Özara hyzmatdaşlygymyzy we Gazagystandaky maýa goýumlarymyzy artdyrmak üçin degişli guramalary höweslendirmäge dowam ederis” diýdi.

Prezident R. T. Erdogan “Türk dünýäsiniň umumy medeni gymmatlyklaryny, tanymal şahsyýetleriniň garaýyşlaryny, eserlerini we ruhy mirasyny geljek nesillere ýetirmegi esasy jogapkärçiligimiz hökmünde görýäris. Jenap Tokaýewiň goldaw bermeginde Türkiýe Magarif gaznasynyň Astana we Almaty şäherinde ýörite mekdebiniň açylmagy üçin işe girişildi. Bu meselä goldaw beren Jenap Prezidente minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

Gazagystanyň berýän maddy we ruhy goldawlaryna kanagatlanma bildiren Erdogan, “6-njy fewralda bolan ýer titremesinden soň Gazagystanyň beren goldawlaryny asla ýatdan çykarmarys. Şol agyr günlerimizde gazak doganlarymyzyň we Gazagystan döwletiniň maddy we ruhy goldawy biziň üçin diýseň möhümdi. Şu gün Gazagystanyň Türkiýäniň Gaziantep şäheriniň Nurdagy etrabynda guran başlangyç klas mekdebiniň dabaraly ýagdaýda açylmagy biziň üçin uly bagtyýarlyk. Türkistanyň Piri Hoja Ahmet Ýasawynyň adyny göterýän bu mekdepde bilim aljak çagalarymyzyň dostlugymyzy geljek nesillere ýetirjekdigine doly ynanýaryn” diýdi.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýewe özüne “Hoja Ahmet Ýasawy” nyşanynyň berlendigi üçin sagbolsun aýdan Erdogan, nyşanyň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň simwoly bolandygyny nygtady.

 

 

Öwren
Prezident Erdogan Wladimir Putin bilen duşuşdy
“Türkiýe dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýär"
Ministrler Fidan bilen Güler, Pakistanyň Daşary işler ministri Dar bilen Bişkege gidýär
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler sammiti Bişkekde öz işine başlady
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Bişkege bardy
Tramp “Men ABŞ-nyň Prezidenti bolmadyk bolsadym Ysraýyl ýok bolardy”
Eýran Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürendigini habar berdi
Ukraina Samara sebitindäki senagat desgasyna we Ozon onlaýn söwda ammaryna hüjüm gurady
Eýranyň Baş ştabynyň başlygy: “Duşmanyň täze howplaryna degişli gaýtawuly görkezeris”
BMG-nyň Baş sekretary Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerini berk ýazgardy
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ysraýyl 2 ýyl soň ahyry 5 ýaşyndaky Hind Ražaby öldürendigini boýun aldy
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer-ministri Takaiçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
“ABŞ-nyň Eýrana guraýan hüjümlerine goldaw bermäň”
Eýran: “Ysraýyl ABŞ bilen gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmegini bökdeýär”
Ýaponiýa: “ABŞ bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diýseň möhüm”
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Tramp, ABŞ-Eýran gepleşiklerini bökdän halatynda Omany bombalamak bilen hemle atdy
Tramp: “Esasy maksadymyz Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak”