Dünýä ýurtlary Türkiýä gynanç bildirýär

Azerbaýjandan Türkiýä uçan harby ýük uçarynyň heläkçilige uçramagy we 20 esgeriň şehit bolmagy sebäpli dünýä ýurtlary Türkiýä gynanç bildirýär.

By
Dünýä ýurtlary Türkiýä gynanç bildirýär / AA

Dünýä ýurtlarynyň liderleri 20 esgeriň ýogalmagyna sebäp bolan uçar heläkçiligi sebäpli Türkiýä gynanç bildirdi.

Milli Goranmak ministrligi Azerbaýjandan uçan türk harby ýük uçarynyň Gruziýada heläkçilige uçrandygyny mälim etdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Azerbaýjan ýurdumyza gelmek üçin uçan J-130 kysymly harby ýük uçarymyz Gruziýa-Azerbaýjan serhedinde heläkçilige uçrady” diýildi.

ABŞ

ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili we Türkiýedäki ilçisi Tom Barrak “Şu gün Türk ýaragly güýçlerine degişli uçaryň heläkçilige uçramagyna uly gynanç bildirýärin” diýdi.

Barrak, “Uçar heläkçiliginde ýogalan esgerleriň hossarlaryna we türk halkyna gynanç bildirýärin”diýip belledi.

Katar

Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamad Al Sani, Prezident R. T. Erdogana ugradan duýgudaşlyk ýüzlenmesinde, heläkçilikde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Iordaniýa

Iordaniýanyň Daşary işler minisdtrligi, türk harby ýük uçarynyň heläkçilige uçramagy sebäpli ýogalanlar üçin türk hökümetine we halkyna uly gynanç bildirdi.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy

DKTR-nyň Prezidenti Tufan Erhürman heläkçilige uly gynanç bildirýändigini mälim etdi. Prezident Tufan Erhürman, DKTR-nyň Premýer-ministri Ünal Üstel we Daşary işler ministri Tahsin Ertugrulogly heläkçiliklde ýogalanlara kipr türk halkynyň adyndan gynanç bildirdi.

Pakistan

Pakistanyň Premýer-ministri Şehbaz Şerif X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda Türk J-130 kysymly uçaryň Grzuýiada heläkçilige uçramagyna uly gynanç bildirýändigini beýan etdi. Şahbaz Şerif “Prezident R. T. Erdogana, uçardakylaryň hossarlaryna we türk doganlarymyza duýgudaşlyk bildirýärin” diýdi.

Owganystan

Owganystanyň Daşary işler ministrligi, türk harby ýük uçarynyň heläkçilige uçramagy sebäpli doganlyk türk hökümetine we halkyna, heläkçilikde ýogalanlaryň hossarlaryna uly gynanç bildirdi.

Gazagystan

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem Prezident Erdogana, türk halkyna we heläkçilikde ýogalanlaryň hossarlaryna uly gynanç bildirdi.

NATO

NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte X sosial media paltformasyndan beren habarnamasynda “Hyzmatdaşymyz Türkiýä harby ýük uçarynyň heläkçilige uçramagy sebäpli uçar heläkçiliginde ýogalanlaryň hossarlaryna uly gynanç bildirýäris”diýdi.

Italiýa

Italiýanyň Daşary işler ministri Antoniu Tažany hem X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Azerbaýjandan uçan türk J-130 kysymly harby ýük uçarynyň Gruziýada heläkçilige uçramagyna uly gynanç bildirdi.

Estoniýa

Estoniýa Gruziýa-Azerbaýjan serhedinde türk harby ýük uçarynyň heläkçilige uçramagy zerarly Türkiýä uly gynanç bildirdi. Daşary işler ministrligi heläkçilikde ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýändiklerini mälim etdi.

Litwa, Ruminiýa, Malta we Kosowa hem J-130 kysymly türk harby ýük uçarynyň Azerbaýjan-Gruziýa serhedinde heläkçilige uçramagyna we 20 esgeriň şehit bolmagyna uly gynanç bildirdi.