Türkiýäniň günbatarynda 6,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Ýerli wagt bilen sagat 22.48-de, halkara wagt bilen 19.48-de bolan ýer titremesinde çekilen ýitgi hakynda maglumat berilmedi.

Türkiýäniň günbatarynda 6,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy / AA

Türkiýäniň tebigy betbagtçylyklara garşy göreş we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD tarapyndan berlen beýannama görä, duşenbe gijesi Türkiýäniň Balykesir welaýatynda 6,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Ýer titremesi Stambul bilen birlikde beýleki şäherlerde hem duýuldy.

AFAD ýerli wagt bilen sagat 22.48-de, halkara wagt bilen 19.48-de bolan ýer titremesiniň ýeriň 5,99 kilometr aşagynda bolandygyny we goňşy welaýatlar bilen birlikde esasan Stambul şäherinde duýlandygyny mälim etdi.

Ýer titremesinde adam pidasynyň çekilmändigi nygtaldy.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz, türk sosial media platformasy NSosial arkaly beren habarnamasynda “AFAD- we beýleki degişli guramalar mesele bilen ýakyndan gyzyklanýar” diýdi.