SYÝASAT
1 minut okamak
Tramp Nýu-Ýork Taýms gazetine garşy kazyýete ýüz tutdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüne we ýaranlaryna garşy “onlarça ýyldan bäri dowam edýän ýalan sözleýändigi” sebäpli gazeti tankyt edip, Frlorida ştatynda kazyýet işiniň gozgalandygyny beýan etdi.
Tramp Nýu-Ýork Taýms gazetine garşy kazyýete ýüz tutdy
Tramp Nýu-Ýork Taýms gazetine garşy kazyýete ýüz tutdy / AP
16 Sentýabr 2025

Prezident Tramp ýekşenbe güni beren beýanatynda “Nýu-Ýork Taýms” gazetine töhmet atmak we garalama kampaniýasyny alyp barandygy sebäpli 15 milliard dollarlyk  kazyýet işini gozgamagyň buýsanjyny başdan geçirýärin” diýdi.

Tramp gazetiň Demokrat partiýanyň “neşirýatyna” öwrülendigini beýan etdi.

“Muny häzirki wagta çenli edilen iň uly bikanun kampaniýa kömegi hökmünde kabul etmeýärin. Kamala Harrise beren goldawlary “Nýu-Ýork Taýmsyň” birinji sahypasyna ýerleşdirildi, ol ozal görülmedik zatdy” diýip ýazan Tramp, şeýle hem gazetiň özi we ýaranlary hakynda “onlarça ýyl dowam eden ýalan sözleme usulyndan” peýdalanandygyny nygtady.

Tramp; “Nýu-Ýork Taýms” men hakda arkaýyn ýalan sözläp, garalap, töhmet atdy we ol indi gutarýar, DESSINE” diýip, ýazdy we kazyýet işiniň Florida ştatynda gozgalandygyny mälim etdi.

ÇEŞME:TRT World