Ýewropaly liderler ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen Russiýa-Ukraina söweşi hakynda pikir alyşar
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ýakynda duşuşjakdygyny aýtdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ýekşenbe güni beren beýannamasynda, Ýewropaly liderleriň Russiýa-Ukraina söweşi meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşenbe ýada sişenbe güni ABŞ-na geljekdigini aýtdy.
Nýu-Ýork şäherine guran saparyndan soň metbugata beýannama beren Tramp, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ýakynda duşuşjakdygyny aýtdy.
Tramp “Ýewropa ýurtlarynyň liderleri duşenbe ýada sişenbe güni ýurdumyza geler” diýdi.
Tramp “Russiýa-Ukraina meselesini çözeris” diýip belledi.