Türkiýe NATO sammitiniň çäginde döwrebap harby merkezlerini tanyşdyrar
SYÝASAT
2 minut okamak
Türkiýe NATO sammitiniň çäginde döwrebap harby merkezlerini tanyşdyrarMerkezi Aý-ýyldyz ştaby NATO-nyň liderler sammitiniň çäginde tanyşdyrlar.
Türkiýe NATO sammitiniň çäginde döwrebap harby merkezlerini tanyşdyrar / AA

Türkiýe geljek hepde paýtagt Ankarada geçiriljek NATO-nyň liderler sammitiniň çäginde ýurduň goranyş ulgamyny bir merkezde jemlemek üçin niýetlenen döwrebap harby merkezi, merkezi Aý-ýyldyz ştabyny tanyşdyrar.

Merkezi Aý-ýyldyz ştabynyň gurluşygyna 2021-nji ýylyň 30-njy awgustynda Prezident R. T. Erdoganyň gatnaşmagynda badalga berlipdi.

Merkeziň gurluşyk işleriniň esasy bölegi tamamlandy.

Merkezi Aý-ýyldyz ştaby, Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň ähli dolanşygyny bir merkezde birleşdirer.

Milli Goranmak ministrligi, Baş ştab bilen Gury ýer, Deňiz we Howa güýçleri serkerdelikleri bir ýere jemlener we şol bir wagtda bilelikdäki operasiýalaryň geçirilmegine uly goşant goşar.

Türkiýäniň baýdagyndaky aý-ýyldyzdan ylham alýan merkez, özüne mahsus gurluşy, akylly bina konsepti, ekalogiýa taýdan oňaýly gurluşy we döwrebap tehnaloniýalary bilen Türk ýaragly güýçleriniň güýjüne güýç goşmak üçin dizaýn edildi.

Kiber howplardan we ballistiki goragdan başlap, himiki, biologiki, radiologiki we ýadro howplaryna garşy täze tehnalogiýalar bilen enjamlaşdyrlan bu taslamanyň dünýäniň esasy harby merkezlerinden birine öwrülmegine garaşylýar. Onuň howpsuzlyk arhitekturasy “Polat gümmez” konsepti bilen utgaşykly ýagdaýda has-da güýçlendirildi.

Strategik merkez

Merkezi Aý-ýyldyz ştaby, Milli Goranmak ministrligi bilen Türk Ýaragly güýçleriniň bilelikdäki operasiýa ukybyny artdyrar we “Türkiýe asyry” maksadynyň çäginde Türkiýäniň goranyş pudagy taýdan strategik merkez hökmünde hyzmat eder.

Merkez iýul aýynyň 7-8-i aralygynda paýtagt Ankarada geçiriljek NATO-nyň liderler sammitiniň çäginde ilkinji resmi çärä ýer eýeçiligini eder.

Sammitiň çäginde myhman ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň we NATO-nyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň hormatyna merkezde banket berler.

Bankediň merkeziň “Ýyldyz” bölüminde geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 

 

 

Öwren
Ysraýyl 2 ýyl soň ahyry 5 ýaşyndaky Hind Ražaby öldürendigini boýun aldy
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer-ministri Takaiçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
“ABŞ-nyň Eýrana guraýan hüjümlerine goldaw bermäň”
Eýran: “Ysraýyl ABŞ bilen gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmegini bökdeýär”
Ýaponiýa: “ABŞ bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diýseň möhüm”
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Tramp, ABŞ-Eýran gepleşiklerini bökdän halatynda Omany bombalamak bilen hemle atdy
Tramp: “Esasy maksadymyz Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak”
Papa Ysraýylyň palestinlilere edýän zulumynyň bes edilmegi üçin çagyryş berdi
Türkiýe dost we doganlyk ýurt Pakistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Fidan Fransiýanyň we Germaniýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Eýranyň Daşary işler ministri: ABŞ bilen hiç hili gepleşik geçirmeýäris”
Türkiýe-Yrak gatnaşyklarynda täze tapgyr: Deňagramlylyklar üýtgär
YHG Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň we Pakistanyň arasyndaky taryhy şertnama kanagatlanma bildirdi
Saud Arabystany we Pakistan bilen baglaşylan şertnama haýsydyr bir ýurdy nyşana almaýar
BMG Pakistanyň demirgazyk günbatarynda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Ysraýylyň Diaspora Ministri;  “Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bize dönüklik etdi”
Prezident Erdogan iş sapary bilen Saud Arabystanyna gitdi
Ministr Fidan: “Türkiýe bilen Siriýanyň durnuklylygy we asudalygy biri-biri bilen arabaglanşykly”
81 ýyl ozal ABŞ-nyň ýadro hüjümine sezevar bolan Hiroşimada ýadro garşy çagyryş edildi