Eýranyň düýn ýary gije sebitde ABŞ-nyň harby goşunyna degişli uçary nyşana almaga çalşandygy, ABŞ-nyň Keşm adasyna çäkli hüjüm gurandygy habar berildi.
ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýannama beren amerikaly resmi, Eýranyň sebitde ABŞ-nyň harby goşunyna degişli uçary nyşana almaga çalşandygyny mälim etdi.
ABŞ-nyň hem bu wakadan soň Eýranyň Keşm adasyna çäkli dron hüjümini gurandygy nygtaldy.
Eýran düýn agşamara ABŞ-na degişli 3 drony urup düşürendigini beýan edipdi.
Bu beýannamadan gysga wagt soň Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Keşm adasynda yzly yzyna azyndan 5 partlamanyň bolandygyny habar berdi, emma partlamalaryň sebäbi barada hiç hili maglumat berilmedi.
Eýranly resmiler tarapyndan Keşm adasynda bolan partlamalar we ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen hüjüm habarlary hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.



























