SYÝASAT
2 minut okamak
ABŞ-nyň uçar gämisi Ortaýer deňzine girdi: Tramp Eýrana hüjüm guramagy göz öňünde tutýar
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlyk möwjeýär, beýleki tarapdan ABŞ-nyň sebitdäki harby gämileriniň sany 17-ä ýetdi.
ABŞ-nyň uçar gämisi Ortaýer deňzine girdi: Tramp Eýrana hüjüm guramagy göz öňünde tutýar
ABŞ-nyň uçar gämisi Ortaýer deňzine girdi: Tramp Eýrana hüjüm guramagy göz öňünde tutýar / Reuters

USS Gerald R. Ford uçar gämisi ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň tabşyrygy boýunça ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky harby güýçleriniň hataryna goşulmak üçin anna güni Ortaýer deňzine girdi.

Uçar gämisiniň Atlantik okeanyny Ortaýer deňzi bilen birleşdirýän Gibraltar bogazyndan geçendigi habar berildi.

Ýakyn Gündogara harby güýç ornaşdyrmaga dowam edýän Donald Tramp, anna güni beren beýannamasynda, Tähran bilen täze ylalaşyk gazanylman halatynda Eýrana çäkli zarba urmak meselesini gün tertibine alandygyny mälim edipdi.

ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky harby güýji

Gämiler

Amerikaly resmilere esaslanylýan habara görä, Waşingtonyň häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda 13 harby gämisi bar.

USS Abraham Linkoln uçar gämisi dokuz destroýer we üç harby gämi bilen birlikde sebite bardy.

Dünýäniň iň uly uçar gämisi bolan USS Gerald R. Ford bolsa üç destoýer bilen birlikde sebite tarap barýar.

Şeýlelikde ABŞ-nyň sebitdäki harby gämileriniň sany 17-ä ýeter. Uçar gämileriniň her birinde müňlerçe deňizçi iş alyp barýar we onlarça harby uçardan ybarat howa topary bar.

Şeýle uly iki uçar gämisiniň şol bir wagtda Ýakyn Gündogarda bolmagy seýrek gabat gelýän wakalardan biri.

Howa güýçleri

Uçuş yzarlama saýty Flightradar 24-iň we habar beriş serişdeleriniň habarnamasyna görä, ABŞ sebite uçar gämilerinden daşary onlarça harby uçar ugratdy.

Şol uçarlaryň arasynda F-22 Raptor we F-35 harby uçarlary bilen birlikde, F-15 we F-16 uçarlary bilen operasiýalaryň dowam etdirilmegi üçin zerur bolan howada ýangyç doldurýan KJ-35 uçary hem bar.

Howa goranyş ulgamlary

Habarnamalara görä, ABŞ Ýakyn Gündogara howa goranyş ulgamlaryny hem ornaşdyrdy. Sebitde ugradylan köp sanly raketa ulgamy deňizde howa goragyny üpjün eder.

ABŞ-nyň howa güýçleriniň Eýrana garşy hüjüm guramagyna garaşylmaýan bolsada ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky harby merkezlerinde onmüňlerçe harby hünärmeni bar.

 

 

Öwren
Ministr Fidan Saud Arabystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Eýran: “Netanýahu tussaghana girmezlik üçin ABŞ-ny täze urşa tarap çekýär”
Tramp Ukrainanyň Russiýada ýangyç zawodlaryny nyşana almagyny tankyt etdi
Hakan Fidan YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Bagdatda geçiriljek maslahatyna gatnaşar
Türkiýe bilen birlikde 19 ýurt Kolumbiýanyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Ierusalime göçürmegini ýazgardy
Ukraina: "Zelenskiý Putin bilen prezident Erdoganyň töwellaçylyk etmegınde  duşuşyp biler"
HOK  Olimpiýa oýunlarynyň  2036-njy ýylda  ýerini saýlamak boýunça meýilnamasyny yglan etdi
Prezident Erdogan Stambulyň azat edilmeginiň 103 ýyllygyny gutlady
Ukraina 650 dron bilen Moskwa hüjüm gurady
Eýran: “ABŞ bilen gepleşik geçirmegiň manysy ýok”
Prezident Erdogan Türki döwletleriniň hyzmatdaşlyk güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi
Eýran: Rutte, Ýewropanyň Eýran söweşindäki rolyny boýun aldy
“Eýran indi ABŞ-na ynanmaýar”
Netanýahunyň BMG-däki çykyşy başlan badyna 70 ýurduň wekili zaly terk etdi
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Hytaýly kärdeşini howa menzilinde garşylady
Türkiýe, Siriýa we Saud Arabystany duşuşygy Nýu-Ýorkda geçirildi
Makron: “Gazadaky ýagdaý biziň üçin utandyryjy”
Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda özara duşuşyklar geçirdi
Tramp:Gaza milliardlarça dollarlyk kömek berler
Prezident Erdoganyň BMG-däki çykyşy sanly platformalaryň gün tertibine öwrüldi