Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan Hamasyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Gazada hüjümleriň bes edilmegi baradaky teklibine beren jogabyny “oňyn we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy taýdan aýgytly ädim” hökmünde häsiýetlendirdi.
Prezident Erdogan Ysraýyla hem Gazadaky genosidi gyssagly bes etmegi üçin çagyryş berdi.
“Hamasyň beren jogabyndan soň Ysraýyl gyssagly ähli hüjümlerini bes etmeli we ylalaşyk meýilnamasyna laýyklykda hereket etmeli” diýen Erdogan, anna güni beren beýannamasynda Hamasyň ähli ýesirleri boşatmagy kabul edendigini we Trampyň Gaza guralýan bombaly hüjümleriň bes edilmegi dogrusynda görkezme berendigini ýatlatdy.
Erdogan “Gaza gyssagly ynsanperwer kömegi ýetirilmeli we genosid bes edilmeli” diýip belledi.
Prezident Erdogan Türkiýäniň Palestin halkynyň eşretli gelejegi üçin we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanýan iki döwletli çözgüt üçin ähli taraplaýyn tagalla etmäge dowam etjekdigine ünsi çekdi.
Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada hem Hamasyň jogabynyň Gazadaky hüjümleriň gyssagly bes edilmegi, sebite yzygiderli ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy taýdan möhümdigi bellenildi.
Beýannamada degişli taraplara gepleşikleriň gysga wagtda başlamagy üçin çagyryş berildi.
Ankaranyň gepleşiklere goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtan Daşary işler ministrligi, “Ysraýyl Gazanyň halkyna guraýan hüjümlerini gyssagly bes etmeli” diýdi.
Hamasyn jogaby
ABŞ-nyň Prezidenti Donad Trampyň Gazada hüjümleriň bes edilmegi baradaky teklibine jogap beren Hamas, ysraýylly ähli ýesirleri boşatmagy, ýogalanlaryň jesetlerini yzyna bermegi we Gazanyň dolanşygyny garaşsyz Palestinli teknokratlar hökümetine tabşyrmagy kabul edýändigini mälim etdi.
Tramp, Hamasa ýekşenbe güni halkara wagt boýunça sagat 22.00-a çenli meýilnamany resmi taýdan tassyklamagy üçin möhlet berdi.
Meýilnama görä, Gazanyň ABŞ-nyň Prezidentiniň ýolbaşçylyk etmeginde halkara guramanyň gözegçiliginde ýaragdan saplanan sebite öwrülmegi göz öňünde tutulýar.
Meýilnama 72 sagadyň dowamynda ýesirleriň boşadylmagyny, çaknyşyklaryň bes edilmegini, Gazadaky ýaragly toparlaryň ýaragsyzlandyrylmagyny we Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň tapgyrlaýyn ýagdaýda sebitden çekilmegini öz içine alýar.






















