Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan duşenbe güni beren beýannamasynda, söweşiň hiç kim üçin bähbitli bolmandygyny nygtady we dartgynlygyň gowşamagy üçin diplomatiýadan ýerlikli peýdalanylmagy barada çagyryş etdi.
Eýranyň döwlet habarlar gullugy IRNA-nyň berýän habaryna görä Pezeşkiýan howplara garşylyk görkezdi.
Pezeşkiýan “Dartgynlygyň gowşamagy üçin diplomatiýadan ýerlikli peýdalanylmaly. Şol bir wagtda hem duşmana garşy ünsli bolmaly” diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bekaýi, Eýranyň ABŞ bilen täze gepleşik geçirmek islemeýändigini aýtdy.
Bekaýi ýurduň ýarym resmi Tasnim habarlar gullugyna beren beýannamasynda, “Eýran milli bähbitlerini goramak üçin berlen möhledi we ultimatomy kabul etmeýär. Eýran milli bähbitlerini goramak üçin ABŞ ýada Ysraýyl tarapyndan guraljak haýsydyr bir hüjüme degişli gaýtawuly görkezer” diýdi.
Bu beýannamalar Eýranly wekiliýetiň ABŞ bilen geçiriljek gepleşikleriň ikinji tapgyryna gatnaşjakdygynyň belli bolmagyndan soň berildi.
Tähran bilen Waşington gepleşikleriň birinji tapgyryny Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçiripdi. 12-nji aprelde geçirlen gepleşikler netijesiz tamamlanypdy.
Taraplar Pakistanyň töwellaçylyk etmeginde 8-nji aprelde iki hepde möhlet bilen hüjümleriň bes edilmegi barasynda ylalaşyk gazanypdy.












