Russiýa-Ukraina urşunyň bes edilmegi ugrunda öňegidişlik gazanyldy

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýanwar aýynda Waşingtonda ukrain we beýleki ýewropa liderlerini kabul etjekdigini aýtdy.

By
Tramp we Zelenskiý

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýekşenbe güni Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen geçiren söhbetdeşliginden soň, Russiýa-Ukraina urşunyň bes edilmegi ugrunda öňegidişligiň gazanylandygyny habar berdi.

Tramp: "Biz tapgyryň 95 göterimini ara alyp maslahatlaşdyk. Onuň näçe göterimdigini bilemok, ýöne biz bu urşy tamamlamak ugrunda köp öňegidişlik gazandyk. Bu, hakykatdanam, Ikinji Jahan Urşundan bäri iň elhenç uruş, belki-de Ikinji Jahan Urşundan bäri iň uly uruşdyr" diýdi.

Tramp metbugat işgärlerine: "Eger işler hakykatdanam gowy gitse, belki birnäçe hepde gerek bolar, eger işler erbet gitse, has köp wagt gerek bolar" diýdi.

ABŞ-nyň prezidenti şeýle hem urşy bes etmek üçin edilýän tagallalarda bir ýa-da iki "örän çylşyrymly meseläniň" galandygyny, olaryň biriniň uruş döwründe eýýäm basyp alnan territoriýalar bilen baglanyşyklydygyny mälim etdi.

Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Ukrainanyň uruşdan soňky dikeltmek tapgyry barada pikir alyşandygyny we Moskwanyň "energiýa, elektrik energiýasy we beýleki zatlary örän arzan bahadan üpjün etmek" bilen birlikde tapawutly ugurlar boýunça kömek etjekdigini hem habar berdi.

Tramp soňky parahatçylyk meýilnamasynda öňegidişlik gazanmak üçin Ukrainanyň parlamentinde çykyş etmegi teklip edendigini belläp: "Munuň hakykatdanam zerur bolup-bolmandygyny bilemok, ýöne eger bu aýda 25 müň adamyň janyny halas etmäge kömek etse ýa-da başga bir zat üçin gerek bolsa, men muny etmäge hökman taýýar bolaryn" diýip belledi.