DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa Türkiýä minnetdarlyk bildirdi
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Moskwanyň gepleşik etabynyň dowam etdirilmegi üçin amatly şert döretmäge taýardygyny aýtdy.
Russiýa Türkiýä minnetdarlyk bildirdi
Russiýa Türkiýä minnetdarlyk bildirdi / Reuters

Kreml Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin uly tagalla edýän Türkiýä minnetdarlyk bildirdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow sişenbe güni metbugata beren beýannamasynda “Türkiýe uly tagalla etmäge dowam edýär we edýän tagallasy üçin türk dostlarymyza minnetdarlyk bildirýäris. Moskwa gepleşik etabynyň dowam etdirilmegi üçin amatly şert döretmäge taýar”diýdi.

Peskowyň Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň duşenbe güni geçiren telefon söhbetdeşliginden bir gün soň beren beýannamasy ünsleri özüne çekdi.

Erdogan bilen Putin telefon söhbetdeşliginde 3,5 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän söweş bilen birlikde sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşypdy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Ankaranyň, Russiýa-Ukraina söweşiniň adalatly we yzygiderli ýagdaýda çözülmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini aýtdy.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan Ankaranyň çaknyşýan taraplaryň arasynda gönüden gepleşikleriň geçirilmegi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin amatly şert döretmäge taýardygyna ünsi çekdi.

Türkiýe Russiýa-Ukraina söweşiniň başlan gününden bäri Moskwa bilen Kiýewiň arasynda geçirlen birnäçe duşuşyga ýer eýeçiligini etdi.

Stambul şäherinde geçirlen gepleşikler ýesir çalşygynda uly rol oýnady we gelejekdäki parahatçylyk şertnamasy üçin taraplaryň degişli pozisiýalaryny beýan edýän taslama tesktlerini hödürlemegini ýola goýdy.

 

 

Öwren
Demirgazyk Koreýa iki görnüşli strategik kruiz raketalaryny synagdan geçirdi
Russiýa: "Ukrainanyň Kiýew we Harkow sebitlerindäki energetika infrastrukturasyna hüjüm guraduk”
ABŞ-nyň prezidenti Tramp: "Biz Eýrana gününi görkezeris" diýdi
Ysraýyllylar Günbatar Şeriada bir metjidi we ulagy ýakdylar
Eýran: "Oman bilen Ormuz bogazy barada zerur ylalaşyga geldik" diýdi
Paşinýan: Azerbaýjan bilen parahatçylyk Ermenistanyň dowamlylygynyň esasyny emele getirer
Pakistanda ýolagçy otlusynyň relsden çykmagy netijesinde bäş adam ýogaldy
ABŞ-nyň prezidenti Tramp Hytaýyň we Russiýanyň Eýrana kömek edýändigine ynanmaýandygyny aýtdy
Yrakda terror guramasy DEAŞ-a degişli pozisiýa hatardan çykaryldy
Saud Arabystanynda Şa Halid howa menziline guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Türkiýe, Müsür, Pakistan we Saud Arabystany bilelikdäki beýanatda Husileriň hüjümlerini ýazgardylar
Zelenskiý Russiýanyň ylalaşygy kabul eden halatynda, Ukrainada saýlawlaryň geçiriljekdigini aýtdy
Riýad howa menzilinde guralan hüjümde 12 adam ýogaldy, 309 adam ýaralandy
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde dokuz adam ýogaldy
Kreml: Putin Eýranyň çaknyşygy çözmek bilen bagly beren teklibini Trampa ýetirdi
Russiýa Odessa portuna harby ýükleri alyp barýan ýük gämisine hüjüm gurandygyny habar berdi
Panamada ýer titremesinden soň uly betbagtçylyk yglan edildi
Nobeliň Parahatçylyk baýragy halkara hukugy boýunca işleri üçin Nawi Pillaýa berildi
Ukraina BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly maslahatyny çagyrdy
Meksikada tussaghanada bolan gozgalaňda 10 adam öldi, 16 adam ýaralandy