SYÝASAT
1 minut okamak
G-20-niň liderler sammiti Günorta Afrikada öz işine başlaýar
Günorta Afrika iki gün dowam etjek G-20-niň liderler sammitine ýer eýeçiligini edýär.
G-20-niň liderler sammiti Günorta Afrikada öz işine başlaýar
G-20-niň liderler sammiti Günorta Afrikada öz işine başlaýar / Reuters
22 Noýabr 2025

G-20-niň liderler sammiti Günorta Afrikanyň Ýohannesburg şäherinde öz işine başlady.

Sammit Günorta Afrikanyň Prezidenti Kyril Ramahhosanyň açylyş çykyşy bilen öz işine başlady.

“Arkalaşyk, deňlik we durnuklylyk” temasy bilen materikde ilkinji gezek geçirilýän sammitde pes girdejili ýurtlar üçin karz ýeňilliginiň döredilmegi meselesiniň gün tertibine getirilmegine garaşylýar.

Bu ösüp barýan ýurtlaryň ösüş depginini bökdeýän esasy päsgelçiliklerden biri hökmünde görülýär.

Liderler mundan başgada howa çalşygy, arassa energiýa geçiş ýaly birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşar.

Sammite gatnaşýan ýurtlaryň liderleri şeýle hem özara duşuşyklar geçirer.

Günorta Afrikanyň Daşary işler ministri Ronaldo Lamola ýurduň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän G-20 sammitine 42 ýurduň wekiliniň gatnaşýandygyny aýtdy.

G-20-nyň gurujy agzalaryndan biri bolan ABŞ şu ýylky sammite gatnaşmaýar.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Günorta Afrikanyň akýagyz afrikalylara zulum edýändigini öňe sürýär, Günorta Afrika bolsa ABŞ-nyň şol garaýyşlaryny ret edýär.

1999-njy ýylda gurlan gurlan G-20 19 ýurt bilen iki sebitara guramadan Ýewropa Bileleşiginden we Afrika Bileleşiginden emele gelýär.