Putin sişenbe güni ABŞ-nyň ýörite wekilini kabul eder

Russiýanyň Prezidenti Wladinir Putin sişenbe güni ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoffy kabul eder.

By
Putin sişenbe güni ABŞ-nyň ýörite wekilini kabul eder / Reuters

Kreml tarapyndan berlen beýannama görä, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ertir günortadan soň paýtagt Moskada ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoffy kabul eder.

Putin bilen Witkoff, Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin ABŞ tarapyndan taýarlanan meýlnama hakynda pikir alyşar.

Kremliň metbugat sekretar Dmitriý Peskow duşenbe güni metbugata beren beýannamasynda “Witkoff bilen duşuşygyň ertir geçirilmegine garaşylýar” diýdi.

Peskow duşuşygyň günortadan soň geçiriljekdigini belledi.

Putin geçen hepde Russiýanyň hüjümlerini bes etmegi üçin ilkinji nobatda Kiýewden Moskwanyň öz topragy hökmünde görýän sebitlerini ykrar etmegini isledi, şeýle bolman halatynda goşunynyň şol sebitleri zor bilen ele geçirjekdigini aýtdy.

Russiýanyň Prezidenti Putin ABŞ-nyň ýörite wekili Witkoff bilen ozal birnäçe gezek duşuşypdy.

Amerikaly wekil, Moskwa bilen geçirýän gepleşiklerindäki çemeleşmesi sebäpli tankyt edilipdi.

ABŞ-nyň söweşiň bes edilmegini maksat edinýän meýilnamasy giň halk köpçüligi tarapyndan Moskwanyň talaplaryna boýun egmek hökmünde häsiýetlendirildi.

ABŞ öňümizdäki hepdäniň Ukraina üçin öwrülşik nokady bolup biljekdigini aýtdy.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý duşenbe güni Pariže gider we Ýewropa ýurtlarynyň Kiýewe berýän goldawyny artdyrmaga çalşar.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 4 ýyla golaý wagt bäri dowame dýän söweşiň bes edilmegi üçin ylalaşyk gazanyljakdygyna ynanýandygyny nygtady.