Nambiýada bolan ýol heläkçiliginde köp sanly adam ýogaldy

Nambiýanyň Tussaghanasyna degişli ulag bilen polis ulagy kakyşdy

Şenbe güni ýurduň merkezi-günorta sebitinde Nambiýanyň Tussaghanasyna degişli ulag bilen polis ulagy kakyşdy.

Wakada tussaghanada işleýän 11 gullukçy, 1 polis we asuda ilatdan 2 adam ýogaldy.

Prezident Netumbo Nandi-Naştwah, paýtagt Windhoekden 268 kilometr alysda Mariental şäheriniň golaýynda iki ulagyň kakyşandygyny habar berdi.

Prezident Netumbo Nandi-Naştwah, “Wakada ýogalanlaryň hossarlaryna, Nambiýanyň Tussaghanasynyň işgärlerine we Howpsuzlyk güýçlerine uly gynanç bildirýärin”diýdi.

6 ýolagçysy bolan polis ulagy bilen 13 adamy alyp barýan Nambiýanyň tussaghanasyna degişli ulagyň kakyşmagy sebäpli 3 adam hem agyr ýaralandy.

Heläkçilikde agyr ýaralanan 3 adam hassahanada bejergi astyna alyndy.