Kosowanyň Mejlisi täze prezidentini saýlap bilmedi. Täze prezidentiň saýlanmazlygy sebäpli ýurtda üçünji gezek irki saýlaw geçirler.
Täze prezidentiň saýlanmagy üçin geçirlen sese goýulşyga diňe häkimiýetiň başyndaky Öz ykbalyňy özüň kesgitle hereketi bilen azlyk wekiller gatnaşdy.
Toparlar günüň dowamynda dört gezek bir ýere jemlenişdi, emma diňe 64 halk deputaty ses berdi. Bu ses hem täze prezidenti saýlamak üçin ýeterlik bolmady.
Dekabr aýynda geçirlen saýlawda sesleriň 51 göterimini alan Premýer-ministr Albin Kurti tarapyndan prezidentlige hödürlenen dalaşgär ýeterlik goldaw alyp bilmedi.
Mejlisiň başlygy we ýurduň wagtlaýyn Prezidenti Albulena Haxhiu, Kosowa Demokratik partiýasy we Kosowa Demokratik bileleşigi bilen birlikde oppozisiýadaky ähli partiýalary sese goýulşyga çagyrandygyny emma ýokarda ady agzalýan partiýalaryň sese goýulşyga gatnaşmagy kabul etmändigini aýtdy.
Kosowada kanunlara görä 45 günüň dowamynda täze saýlawlaryň geçirilmegine garaşylýar.















