SYÝASAT
2 minut okamak
Nepal we Hytaý Guşak-Ýol meýilnamasy boýunça çarçuwaly şertnama gol çekişdi
Katmandu bilen Pekin 2017-nji ýylda Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Şi Sizinpiniň Guşak-Ýol başlangyjy üçin ilkinji şertnama gol çekişipdi.
00:00
Nepal we Hytaý Guşak-Ýol meýilnamasy boýunça çarçuwaly şertnama gol çekişdi
/ AP

Nepal, Guşak-Ýol başlanjy sebäpli Hytaý bilen çarçuwaly şertnama gol çekişdi. Nepalyň Daşary işler ministriniň çarşenbe güni beren beýannamasyna görä, 7 ýyl ozal baglaşylan ilkinji şertnamadan soň hiç hili öňe gidişlik edilmedi. Bu täze şertnama bolsa iki ýurduň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň başlangyjy bolar.

Premýer-ministri K.P. Sharma Oli, iýul aýynda kasam edip wezipesine girişmeginden soň ilkinji dapary ýurt saparyny Pekine gurady. Nepalyň Premýer-ministriniň asyrlardan bäri ýakyn gatnaşyk edýän ýurduna Hindistana däl eýsem ilkinji resmi saparyny Hytaýa guramagy ünsleri özüne çekdi.

Nepal bilen Hytaý, 2017-nji ýylda Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Şi Sizinpiniň, Hytaýyň söwda we infstruktura gatnaşyklarynyň ösdürilmegi maksady bilen Guşak-Ýol başlanjygy üçin alynky şertnama gol çekişipdi.

Emma hyzmatdaşlygyň çarçuwasy kesgitlenilip bilinmändi we Nepalyň syýasy partiýalarynyň arasynda ylalaşyk gazanylyp bilinmändigi sebäpli taslamanyň durmuşa geçirilmegi taýdan 7 ýylda hiç hili öňe gidişlik edilip bilinmedi.

Karz aladalary

Çarşenbe güni şertnama gol çekişilmegi, iki ýurduň hem taslamanyň durmuşa geçirilmeginde ygrarly tutum alyp barjakdygyny görkezýär.

Karz meselesi Oliniň şäriklik hökümetinde uly jedelleşige sebäp boldy. Premýer-ministre ýakyndan goldaw berýän Nepali kongres partiýasy, karzlar bilen maliýeleşdiriljek haýsydyr bir taslama garşy çykýar.

Nepalyň Daşary işler ministrligi, X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “Şu gün Guşak-Ýol hyzmatdaşlyk taslamasyna gol çekişildi” diýdi emma şertnama hakynda giňişleýin maglumat bermedi.

Hytaý, Katmandunuň 125 kilometr günbatarynda ýerleşýän Nepalyň ikinji uly şäheri bolan Pokharada halkara howa menzilini gurmak üçin Nepala 216 million dollar karz berdi. Howa menzili geçen ýyl ulanylmaga berildi.

Emma Pekiniň Guşak-Ýol üstünliginiň simwoly hökmünde görýän Hytaý tarapyndan gurlan howa menzili, Hinditanyň şol howa menzilinden uçan uçarlaryň howa giňişligini ulanmagyna rugsat bermändigi sebäpli halkara uçuşlarda uly kynçylyklaryň hötdesinden gelmek üçin göreşýär.

 

 

Öwren
Prezident Erdogan BMG-nyň münberinde dünýä ýurtlaryna ýüzlener
Russiýada parlament saýlawlary geçirilýär
Irlandiýa Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygy sebäpli Euroviziýa boýkotyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy
“Şugün kabul edilen kararlar strategik deňagramlylygy kesgitlär”
Türkiýe Husileriň Mekge şäheriniň golaýyna guran hüjümini ýazgardy
ABŞ Palestiniň Prezidenti Mahmud Abbasa wiza bermedi
Fidan: “Türkiýe bilen Azerbaýjan ýerleşýän sebitinde iki durnuklylyk adasy”
ABŞ-da Eýrana guralýan hüjümleriň bes edilmegini maksat edinýän taslama tassyklandy
ABŞ bilen Siriýa özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara howpsuzlyk meselesi hakynda pikir alyşdy
Somalide Türkiýä minnetdarlyk ýörişi geçirildi
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Daşary işler ministri Fidany kabul etdi
Erdogan: “Halkymyzy howplardan goradyk”
Türki döwletleriň arasynda “TÜRKPOL” döredilýär
Tramp: “Respublikaçylar araky saýlawlarda ses bermese dowzaha giderler”
Tramp 11-nji sentýabr hüjümleriniň 25-nji ýylynda Pentagonda hatyralama çäresini geçirer
Türkiýe Siriýa gynanç bildirdi
Britaniýanyň Premýer-ministri: “Gazada başdan geçirilýän wakalara dymmak bilen syn edip bilmeris”
Ysraýylda çap edilýän gazet karzly amerikalylar üçin Eýrany basyp almagy teklip etdi
Erdogan: Türkiýe Eýran-ABŞ dartgynlygynyň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýär
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu: “Biziň esasy wezipämiz Eýranyň hökümetini agdarmak”