DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ysraýyl tarapyndan goldanýan jedelli guramanyň Gazada kömek paýlap başlajakdygy habar berdi
Fewral aýynda döredilen Gaza ynsanperwer kömek gaznasy BMG tarapyndan berk tankyt edildi. BMG resmileri gaznanyň kömek paýlamak meýilnamasynyň palestinalylaryň mejbury göçürilmegine sebäp boljakdygyny aýdýarlar.
Ysraýyl tarapyndan goldanýan jedelli guramanyň Gazada  kömek paýlap başlajakdygy habar berdi

ABŞ we Ysraýyl tarapyndan goldanýan we Gazada ynsanperwer kömegini paýlamak wezipesi bolan gumanitar gurama duşenbe güni gabaw astyndaky sebite kömek bermäge başlajakdygyny aýtdy.

Bu beýannama Gaza ynsanperwer kömek gaznasynyň başlygy Jeýk Wudyň ýekşenbe güni wezipesinden çetlemşeginden soň berildi. Wud adamzat, bitaraplyk we garaşsyzlyk ýörelgelerinde eglişik edip bilmejekdigini aýdyp, işinden çekilýändigini mälim etdi.

Soňky iki aýyň dowamynda Gaza ynsanperwer kömek gaznasynyň ýerine ýetiriji müdiri bolup işlän Wud, gaznanyň adamzat, bitaraplyk, garaşsyzlyk we bitaraplyk ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda hereket edip bilmeýändigini, şonuň üçinem işinden çekilýändigini aýtdy.

Wud şu aýyň başynda Ysraýylyň resmilerine ýazan hatynda gaznadan kömek alýanlaryň şahsy maglumatlaryny paýlaşmajakdygyny beýan edipdi.

Fewral aýynda döredilen bu gazna BMG tarapyndan berk tankyt edildi. BMG işgärleri gaznanyň kömek paýlamak meýilnamalarynyň palestinalylaryň zor bilen göçürilmegine we has uly zorluklara itergi berjekdigini aýtdy.

Mejbury göçürilmek howpy

Ysraýylyň başlangyjy, BMG we beýleki ynsanperwer guramalar ýaly uzak wagtlap kömek berýän guramalaryň ýerine hususy kompaniýalara esaslanýar. Meýilnama laýyklykda, ynsanperwer kömek diňe Gazanyň günortasyndaky "howpsuz paýlaýyş nokatlarynda" paýlanar. Bu ýagdaý Ysraýyl goşunynyň, Gaza demirgazygyndaky ähli palestinalylary günorta göçürmek isleýändigi baradaky maglumatlary güýçlendirýär.

Bütindünýä açlyk indeksi, Gazanyň ilatynyň dörtden bir bölegine, ýagny ýarym million adama açlyk howpunyň abanýandygyny duýdurdy.

Ysraýyl, 2-nji martdan bäri Gazanyň serhet geçelgelerini ýapyp, azyk, lukmançylyk we ynsanperwer kömekleriň girmegini gadagan etdi. Bu bolsa, eýýäm agyr bolan ynsanperwer krizisi has-da çuňlaşdyryp, Gazanyň 2,4 million ilatyna täsir ýetirdi. Bu gabaw sebiti açlyk ýagdaýyna iterdi we açlyk sebäpli köp sanly ölüm habarlary gelip gowuşdy.

Öwren
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň geçirilmeýändigini we ýakyn wagtda "bir zatlaryň boljakdygyny" aýtdy
Saud Arabystanyndaky "Şa Fahd" adyndakyt halkara howa menziline guralan hüjümde 2 adam ýogaldy
Eýranyň Ynkylap goragçylary: “Pars aýlagynda nebit daşaýan dört gämi nyşana alyndy” diýdi
Kreml: "Biz noýabr aýynda Russiýa-Ukraina-ABŞ üçtaraplaýyn gepleşiklerini täzeden başlatmaga taýýar"
Sudan bilen Günorta Sudanyň arasyndaky jedelleşikli zolaga guralan hüjümde 153 adam ýogaldy
Gresiýada talyplar kireýleriň ýokarlamagyna we durmuş şertleriniň agyrlaşmagyna garşylyk görkezdi
Fransiýada geçirlen protest ýörişlerinde 2 adam ýogaldy
Ysraýylyň Goranmak ministri: “Liwanyň günortasyndan 200 müň adamy sürgün etdik”
Amerikaly senator Sanders Ysraýyla berilýän harby kömegiň bes edilmegi üçin çagyryş etdi
“Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürdik”
Ukraina: "Russiýanyň gije guran hüjümlerinde 3 adam ýogaldy we 11 adam ýaralandy"
Ysraýyl basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada palestinalylaryň takmynan 183 gektar ýerini aldy
Ýemeniň goşuny: "1164 operasiýada 558 Husi söweşijisi täsirsiz ýagdaýa getirildi"
Milandan Jidda şäherine uçýan uçar bomba howpy sebäpli Rime gyssagly gondy
Kolumbiýada bikanun altyn käniniň çökmegi netijesinde on dört adam ýogaldy
Sudanda dron bilen awtobus duralgasyna guralan howa hüjüminde 80 adam ýogaldy
Tel-Awiw-Wena saparyny amala aşyrýan uçar bomba habary sebäpli Bolgariýa gondy
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Rubio Samarkantda özbek kärdeşi Saidow bilen duşuşdy
Kreml Ýewropadaky bidüzgünçiliklere Russiýanyň gatnaşygy baradaky aýyplamalary ret edýär
Russiýa Ukrainada metro bekedini nyşana aldy