DÜNÝÄ
1 minut okamak
Imran Han we maşgalasy azatlykdan mahrum edildi
Pakistanyň ozalky premýer-ministri we maşgalasy “sowgat” işi sebäpli 17 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Imran Han we maşgalasy azatlykdan mahrum edildi
Imran Han we maşgalasy azatlykdan mahrum edildi / Reuters
20 Dekabr 2025

Imran Han we Buşta Bibiniň aklawçylary günäkärlemäniň toslamadyğyny beýan edip, ählisini ret etdi.

Pakistanyň ozalky premýer-ministri Imran Han we maşgalasy Buşra Bibi şenbe güni döwlet sowgatlary işi atlandyrylýan “Toşakana 2” işi sebäpli 17 ýyl azatlykdan mahrum edildiler.

Karar iki şübheliniň tussaglykdan saklanýan demirgazyk-gündogardaky gornizon şäheri  Rawalpindidäki Adiala tussaghanasynda beýan edildi.

Ýörite ygtyýarly kazy Şahruh Aržumand daşary ýurt sowgatlarynyň arzan habadan bikanun alynyp-satylmagy hakyndaky kazyýet işinde karara geldi.

Kazyýet Imran Hany we Buşra Bibini 17 ýyl azatlykdan mahrum edip, her haýsyna 10 million rupi (35,600 Amerikan dollary) jerime saldy.

Han we Buşra Bibi hakyndaky kazyýet işi geçen ýyl gozgalypdy. Olaryň ikisem günäkärlemeri ret edip, olaryň toslamadyğyny we syýasy maksatlydygyny beýan etdiler.

Karar netijesinde Imran Han “Toşakana” boýunça üçinji gezek jezalandyryldy.

2023-nji ýylyň awgust aýynda ýerli kazyýet Hany üç ýyl azatlykdan mahrum edipdi. 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa hen Han hem-de Buşra Bibi şol iş sebäpli 14 azatlykdan mahrum edilipdi.

2023-nji ýylyň awgust aýyndan bäri tussaglykda saklanýan Hana garşy gaplykdan terrorizme çenli uzap gidýän onlarça iş gzgaldy. Emma ol şol işleri “galplk” hökmünde häsýetlendirýär.

Şol günden soň hökümetden tarapyndan özüne garşy 200-den gowrak iş gozgalan Han, olaryň köpüsinden kepillik tölegi arkaly azat edildi.